Hytaýyň Bahar baýramy döwründe sarp edijiligiň möçberi rekord derejede artdy

Fewral 24, 2026 | 18:01 |69
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Bahar baýramynyň dokuz günläp, ýagny 15–23-nji fewral aralygynda dowam eden dynç alyş döwrnde sarp edijiligiň möçberi rekord derejede artdy.

Hytaýyň Bahar baýramynyň 40 günlük syýahatçylyk möwsüminiň 21-nji güni, ýagny hepdäniň ýekşenbe güni sebitara ýolagçy gatnawlarynyň sany 370 milliondan geçdi we iň ýokary derejä ýetdi. Hytaýa wizasyz gelmek düzgünleriniň netijesinde gündelik ýurda gelen we ýurtdan giden syýahatçylaryň sany ortaça 2 milliondan gowrak boldy, bu san geçen ýyl bilen deňeşdirilende 14% köpdür.

Ýekşenbe gününiň ahyryna çenli girdeji möçberi 5 milliard ýuandan, ýagny 700 million ABŞ dollaryndan geçdi. Kinoteatrlara kinofilme tomaşa etmäge baran adamlaryň sany 100 milliondan geçdi.

Bölekleýin söwdanyň, naharhanalaryň we azyk harytlarynyň söwda möçberi Bahar baýramynyň ilkinji dört gününde geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8.6% artdy. Haýnanda paçsyz söwdanyň möçberi 970 million ýuana (ýagny 140 million ABŞ dollaryna) barabar boldy, bu görkeziji geçen ýyla görä 16% ýokarydyr.

Bu öňegidişlikleriň arkasynda ygtybarly döwlet goldawy bardyr. Häkimiýetler 2 milliard ýuandan (ýagny 289 million 500 müň ABŞ dollaryndan) gowrak möçberde wauçerleri we döwlet kömeklerini goýberdiler. Awtoulaglaryň we hojalyk harytlarynyň söwdasyndan 200 milliard ýuana (ýagny 28 milliard 950 million ABŞ dollaryna) barabar girdeji alyndy. Bu bolsa syýahatçylyk, güýmenje we bölekleýin söwda ulgamlarynda sarp edijiligiň artandygyny görkezmek bilen, ykdysady ösüşe itergi berýändir.

Beýleki habarlar