Hytaýyň daşary söwda kärhanalary Täze ýyl baýramy döwründe işlerini üznüksiz dowam etdirdi

Fewral 24, 2026 | 17:59 |43
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Bahar baýramynyň 24-nji fewrala çenli dowam eden dokuz günlük dynç alyş döwründe Hytaýyň köp sanly daşary söwda kärhanalary işlerini üznüksiz dowam etdirdiler, şeýle hem täze şertnamalary baglaşmak üçin daşary ýurtlara saparlary amala aşyrdylar.

Täze ýylyň ilkinji güni – 17-nji fewralda 200-den gowrak kompaniýalar Amerikanyň irleşen Btatlarynda geçirilen sergilere gatnaşdylar. Žeszian welaýatynyň Çanšin etrabyndaky bir kärhana özüniň iş netijeliligini 20 göterim ýokarlandyrmagy we önümçilik çykdajylaryny 10 göterim azaltmagy başardy, we öonuň netijesinde gysga wagtda müşderileriň ünsüni özüne çekdi. Kärhananyň daşary söwda boýunça menejeri Li Çeniň sözlerine görä, birnäçe günüň dowamynda köp sanly şertnamalar baglaşylyp, täze hyzmatdaşlar bilen gepleşikler geçirildi.

Ählumumy islegi kanagatlandyrmak maksady bilen önümçilik kärhanalary hem dynç alyş günlerinde işini saklamady. Sziansu welaýatynyň Çançžou şäherindäki transformator zawodynda önümçilik dowam etdirildi. Kärhananyň ýolbaşçylarynyň maglumatyna görä, häzirki sargytlaryň möçberi 3 milliard ýuandan (ýagny 434 million ABŞ dollaryndan) geçýär, onuň 2 milliard ýuandan gowragy (ýagny 289 million ABŞ dollary) eksportyň paýyna düşýändir.

Erkin söwda zolaklarynda 18-nji fewraldan başlap işgärleriň sany geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 6 göterim artdy. 20-nji fewrala çenli Wuhan şäherinden halkara ýük otlularynyň gatnawlary ýyllyk esasda 55 göterim köpeldi, logistika çykdajylary bolsa 15 göterim azaldy.

Ninbo-Žouşan porty gije-gündiz iş tertibinde hyzmat edip, baýramçylygyň ilkinji alty gününde 780 müňden gowrak konteýner dolanyşygyny amala ayrdy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 17 göterim ýokarydyr.

Beýleki habarlar