Bahar baýramynyň soňky dynç alyş gününde ýolagçy gatnawlary iň ýokary derejesine ýetdi

Fewral 24, 2026 | 17:55 |58
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň ulag ulgamy hepdäniň duşenbe güni – Bahar baýramynyň soňky dynç alyş gününde ýolagçy gatnawlarynyň bökdençsizligini üpjün etmek maksady bilen ýol-ulag çärelerini güýçlendirdi, ýolagçy gatnawlarynyň sany iň ýokary derejesine ýetdi.

Bahar baýramy, ýagny Hytaý Täze ýyly şu ýyl 17-nji fewrala gabat geldi. Resmi dynç alyş döwri dokuz gün, ýagny 15-23-nji fewral aralygynda dowam etdi. Bahar baýramynyň syýahatçylyk möwsümi 40 günläp dowam edýär – 13-nji marta çenli dowam eder.

Demir ýollary edaralary 2297 sany goşmaça ýolagçy otlularyny ýola goýmak bilen, 18 million 500 müň sany ýolagçy gatnawlaryny meýilleşdirýär. Şanhaý, Guançžou, Wuhan we beýleki şäherleriň demir ýol menzilleri öz hyzmatlaryny, şeýle hem howpsuzlygy, meýletinçileriň işini hem-de gijeki awtobus we taksi gatnawlarynyň bökdençsiz işlemegini ýola goýdy.

Heilunszianda güýçli ýagyş we gar ýagdy, ýel turdy. Harbin Demir ýol edarasy Harbin-Mudanszian we Harbin-Suifenhe gatnaw ugurlarynda 10 sany ýokary tizlikli goşmaça ýolagçy otlulary işe girizildi hem-de buzlary we gary arassalaýjy enjamlaryň işi gurnaldy. “Bu işler indi her bir otluda alty sagat däl-de, bary-ýogy üç sagat wagt alýar” diýip, tehniki hyzmat ediş işgäri Çžan Şuo gürrüň berdi.

Ýokary tizlikli awtoýollary 66 milliondan gowrak ulag gatnawlaryny meýilleşdirýär. Gar ýagmagy we buz örtükleri zerarly Heilunszian, Içerki Mongoliýa, Sinszian we Şensi welaýatlarynda ýollar wagtlaýyn ýapyldy.


Urumçy, Harbin we Çançun şäherlerindäki howa menzilleri ýel, gar we çylşyrymly howa şertleri sebäpli kynçylyklara duçar boldular.

Deňiz-derýa ýollary 1 million 600 müň sany ýolagçy gatnawlaryna garaşýar. Gatnaw işlerini gurnaýjy hünärmenler tizlikli gaýyk hyzmatlaryny ýola goýdular, häkimiýetler zerur çäreleri geçirip, howpsuzlygy üpjün etdiler.

Beýleki habarlar