Hytaýly alymlar älem şöhleleriniň esasy çeşmesini gara tegmil bilen baglanyşdyrýar

Hytaýyň Atmosfera ýagynlarynyň uly Observatoriýasy özüniň täze açyşlaryny yglan etmek bilen, gara tegmiller älem şöhleleriniň esasy çeşmesi bolup biler diýip, 70 ýyllyk astrophiziki nämälimlikleri aýdyňlaşdyrýan netijeleri habar berdi.
Bu uly üstünlik baradaky maglumat Hytaý Ylymlar akademiýasynyň Ýokary Energiýa Fizikasy institutynyň alymlary tarapyndan taýýarlanyp, ýekşenbe güni Milli Ylyma Syn hem-de Ylym žurnallarynda çap edildi.
Älem şöhleleri – ýagtylygyň tizligine golaý tizlikde älemiň giňişliginde hereket edýän ýokary energiýaly bölejikler bolup, olar ilkinji gezek tapylandan bäri alymlaryň üns merkezinde bolup gelýär. Onýyllyklardan bäri älemde hem-de Ýerde geçirilen synaglar bu bölejikleriň energiýa spektrinde “dyz” diýlip atlandyrylýan üýtgeşik egrelme ýüze çykaryldy. Bu at onuň adam dyzyna meňzäp durýan şekilini üçin berildi. Onuň fiziki gelip çykyşy 70 ýyldan bäri doly anyklanmandy.
Şu günki güne çenli, akademik Sao Çžen-iň ýolbaşçylygyndaky ylmy topar açyşlar üçin obserwatoriýanyň ultra-duýgur detektorlaryny ulanyp gelýärdiler.
Alymlar Akmaýanyň ýoly galaktykanyň içinde ýerleşýän bäş sany güýçli mikro-kwazary anykladylar. Mikro-kwazar gara tegmilden hem-de onuň hemrasy bolan ýyldyzyndan ybarat bolan älem jisimidir. Gara tegmil öz hemrasyny ullakan gravitasion güýjüniň täsiri arkaly “ýuwutmak” bilen äleme örän ýokary energiýaly bölejik akymlaryny zyňýar. Bu akymlar her sekuntda Ýerdäki iň güýçli wodorod bombalarynyň 400 trillionyna deň energiýa goýberýär.
“Biz gara tegmilleri adatça älemiň ‘ýuwdujylary’ hökmünde kabul edýäris, ýagny olar töweregindäki zatlaryň hemmesini özüne dartyp alýan jisimler diýip düşünýäris. Emma geň galaýmaly zat - olar örän ýokary energiýaly bölejikleri hem döredip bilýärler. Bu açyş älem şöhleleriniň gelip çykyşyny takyk görkezýär,” diýip, akademik Sao Çžen belleýär.
Alymlaryň gazanan netijesi gara tegmil ulgamlarynda bolup geçýän iň güýçli fiziki hadysalary we älem şöhleleriniň gelip çykyşyna has giň düşünmekde uly öňegidişlik hasaplanýar. Şeýle hem bu açyşdan Hytaýyň astro-bölejik fizikasynyň ösüşini täze derejelere çykarmagyna garaşylýar.







