Hytaýyň Bahar baýramy daşary ýurt syýahatçylaryny özüne çekýär

Fewral 24, 2026 | 17:54 |71
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň Bahar baýramy – Hytaý Täze ýyly, şeýle hem 48 sany ýurduň raýatlaryna ýurda wizasyz gelmek mümkinçiligi we wiza talabyndan boşatmak baradaky 29 sany ýurt bilen özara ylalaşyklary daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli artmagyna itergi berdi.

Soňky iki hepdede Hytaýa Taýlanddan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Wetnamdan we Singapurdan gelýän syýahatçylaryň öňünden sargyt eden uçar petekleriniň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 400% -den gowrak ýokarlandy. Hytaýa Argentinadan gelýän syýahatçylaryň sany dokuz esse, Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinden bolsa 200% -den gowrak köpeldi.

Daşary ýurtly myhmanlar ýurda girmekligiň ýeňilleşdirilendigi hem-de ýurduň medeniýetini öwrenmeklik has oňaýly bolandygy barada öwgüli sözleri aýtdylar. “Men Täze ýylda syýahat etmek üçin Hytaýy saýladym... sebäbi bu ýerde adamlar şähdaçyk we dostlukly” diýip, Çiliden gelen syýahatçy Gabriel Pablo öz duýgularyny paýlaşdy. “Wiza resmileşdirmek şeýle aňsat ekeni” diýip, Germaniýadan gelen syýahatçy Mario Aleksandr Ulrih gürrüň berdi.

Şanhaý, Pekin, Guançžou, Çunçin we Harbin ýaly iri şäherler baýramçylyk däplerini häzirki zaman gözelligi bilen utgaşdyrýan esasy ýerlerdir. Daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylaryň sanynyň artmagy Hytaý Täze ýylyna dünýä derejesinde gyzyklanmanyň has artýandygyny görkezýändir.

Beýleki habarlar