Täze logistika modelleri Bahar baýramynda hyzmatlary ýeňilleşdirýär

Fewral 24, 2026 | 17:50 |64
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Bahar baýramynyň dokuz günlük dynç alyş döwründe täze logistika modelleri we hyzmatlary giňden ornaşdyrylyp, sarp edijiler üçin has amatly şertler döredildi hem-de Hytaý ykdysadyýetiniň işjeňligini görkezdi.

Ýanszy derýasynyň deltasynda ýerleşýän 30-dan gowrak iri logistika ammary gije-gündiz işledi. Netijede, şäher içinde baýramçylyk sowgatlaryny we gündelik zerur bolan harytlary dört sagadyň dowamynda görkezilen salga eltip gowşurmak mümkinçiligi döredildi. Şeýlelikde, öňki ýyllardaky eltip gowşuruş usullarynyň deregine has çalt we ýygy-ýygydan eltip gowşuryş ulgamy ýola goýuldy.

Elektron söwda kompaniýasynyň dessine eltip gowşuryş hyzmatynyň ýolbaşçysy Sziao Sziniň bellemegine görä, geçen ýylyň “ertir eltip gowşurmaly” hyzmaty şu ýyl “şol günüň özünde eltip gowşurmaly” derejesine ýetirildi. Toplanan uly maglumatlar esasynda çaklama alnyp barylyp, esasy isleg bildirilýän 40 müňden gowrak harytlaryň ätiýaçlyk gory öňünden taýýarlandy.

“Könäni tabşyryp, täzesini almak” ýörelgesi hem hojalyklaryň täzelenşini batlandyrdy. Bahar baýramynyň ilkinji sekiz gününde gaýtadan ýygnalan önümleriň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 47 göterimden gowrak artdy. Esasan, ýan telefonlary, täze tehnologiýaly sagatlar we simsiz gulaga dakylýan enjamlar öňdeligi eýeledi. Raýatlar özleriniň köne enjamlaryny tabşyryp, deregine täzesini satyn alanda, olara köne enjamlary üçin öwezlik tölegi tölenýär.

Gaýtadan işlemek merkeziniň ýolbaşçysy Žan Siuanyň sözlerine görä, her gün ortaça 20 müňden gowrak ulanylan ýan telefonlary gaýtadan işlenilýär.

Milli Ösüş we özgertmeler komitetiniň Toplumlaýyn ulag institutynyň müdiriniň orunbasary Sie Ýuronguň bellemegine görä, Hytaýda logistika ulgamynyň bökdençsiz işlemegi baýramçylyk döwründe sarp edijiligiň işjeňligini görkezýändir hem-de ýurduň ykdysadyýetiniň durnuklylygynyň we kuwwatlylygynyň subutnamasydyr.

Beýleki habarlar