Gyşky Olimpiýa oýunlary Pekiniň buz we gar ykdysadyýetini ösdürýär

Fewral 24, 2026 | 17:47 |42
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


2022-nji ýyldaky Gyşky Olimpiýa oýunlaryndan dört ýyl geçeninden soň, Pekiniň meýdançalary umumy gyşky oýun meýdançalaryna öwrüldi. Olar şäheriň buz we gar ykdysadyýetiniň ösüşine itergi berýär.

“Gardan ýasalan uçýan Garlawaç” ady bilen belli bolan Ýançindäki Milli Daglyk Gyşky sport merkezi ähli derejelerde we tutuş ýylyň dowamynda geçirilýän çäreleri, ýagny gyşda lyžaly gezelenç etmek, gyş möwsüminden başga wagtlar pyýada gezmek we gaýa dyrmaşmak ýaly görnüşler boýunça Olimpiýa kybapdaş bäsleşikleri hödürleýär. “Biz ýylyň dowamynda ekologiýa syýahatçylyk ulgamyny gurýarys... ykdysady we sosial bähbitli işleri ýerine ýetirýäris” diýip, Ýançin Olimpiýa Zolagynyň direktory Ýan Liýuan gürrüň berdi.

“Gar Aždarhasy” ady bilen belli bolan Milli Buzda typmak Merkezinde 1.6 km uzynlykdaky ýodada sport ýaryşlary, şol sanda “Buzdaky Formula 1” ýaryşyna meňzeş bobsleý we skeleton ýaryşlary gurnalýar.

Pekiniň Çaoýan etrabynda ýerleşýän “Buz lentasy” Aziýanyň iň uly buz örtügi bolup, ekologiýa taýdan arassa we döwrebap meýdançadyr. Bu ýere dokuz günlük Bahar baýramynyň dynç alyş döwründe 100 müňe golaý myhman geldi.

Hytaýyň Buz we gar syýahatçylygyny ösdürmek boýunça 2026-njy ýyl üçin hasabatda, 2025–2026=njy ýyllar möwsüminiň Buz we gar syýahatçylygyna 360 million adamyň gatnaşmagy çaklanylýar.

Beýleki habarlar