Bahar baýramynyň 21-nji gününde 370 mln gowrak sebitara ýolagçy gatnawlaryna garaşyldy

Fewral 24, 2026 | 17:46 |32
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hepdäniň ýekşenbe güni – Bahar baýramynyň 40 günlük syýahatçylyk möwsüminiň 21-nji güni Hytaýda 370 milliondan gowrak sebitara ýolagçy gatnawlaryna garaşyldy.

Ýyl möçberinde dünýäde ýolagçylaryň iň köp gatnaýan möwsümi bolan Hytaý Täze ýylynda millionlarça adamlar öz hossarlary we maşgala agzalary bilen duşuşyp, wagtlaryny bilelikde geçirýärler. Resmi dokuz günlük dynç alyş döwri 15-23-nji fewral aralygynda dowam etdi. Syýahatçylyk möwsümi bolsa 13-nji marta çenli dowam eder.

Demir ýollary edaralary 2203 sany goşmaça ýolagçy otlularyny ýola goýdy we 17 million 950 müň sany ýolagçy gatnawlaryny meýilleşdirdi. Çendu demir ýol menzili arkaly şu wagta çenli jemi 8 million 94 müň sany ýolagçy gatnawlary amala aşyryldy. Wuhan demirýollary ulgamynda 985 müň sany ýolagçy gatnawlary hasaba alyndy. Wuhan demirýol menziliniň üsti bilen bir günde 162 müň ýolagçy gatnawlary hasaba alyndy – bu bir gün üçin täze rekorddyr; Hankou demirýol menziliniň üsti bilen 119 müň ýolagçy gatnawlary hasaba alyndy. Hefei demirýol menziliniň üsti bilen hepdäniň ýekşenbe güni sagat 18:00-a çenli ýolagçy gatnawlarynyň sany 172 müňe ýetdi we möwsümiň başyndan bäri jemi 3 million 58 müň 400 sany ýolagçy gatnawlary hasaba alyndy.

Ýokary tizlikli awtoýollarynyň üsti bilen 71 milliondan gowrak ulag gatnawlaryna garaşylýar. Howa gatnawlary arkaly 2 million 660 müň sany ýolagçynyň, deňiz-derýa ýollary arkaly 1 million 420 müň sany ýolagçy gatnawlaryna garaşylýar.

“China Southern Airlines” awiakompaniýasy tarapyndan Sinszianda bir günde 230-dan gowrak uçuşlar amala aşyryldy; Urumçyda içerki gatnawlar 90%, halkara gatnawlar bolsa 80% ösüş görkezdi. Ýolagçy gatnawlarynyň bökdençsizligini üpjün etmek üçin ýörite ýolagçy otlulary ýola goýuldy.

Beýleki habarlar