Emeli intellekt Hytaý Täze ýyl baýramçylygyny täze mümkinçilikler bilen özgerdýär

Fewral 23, 2026 | 18:40 |78
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Emeli intellekt platformalary Hytaý Täze ýylynyň baýramçylyk çäreleriniň geçirilmeginde barha möhüm orny eýeleýär. Kinoteatr peteklerini we restoranda ýerleri öňünden sargyt etmek, gutlaglary ibermeklik ýaly dürli ugurlarda täze hyzmatlar ýola goýlup, müşderiler bu hyzmatlardan dowam edýän baýramçylyk döwründe giňden peýdalanýarlar.

Şençžen şäherinde ýerleşýän tehnologiýa kompaniýasynyň Emeli intellekt topary Bahar baýramynyň öňüsyrasynda öz programma üpjünçiligini kämilleşdirdi. Täzelenmeler arkaly onlaýn aragatnaşyklary müşderiler üçin has gyzykly we interaktiw häsiýetli boldy.


“Bahar baýramy Hytaýyň iň möhüm baýramydyr. Biz emeli intellekt arkaly jemgyýetçilik üçin dürli mümkinçilikleri döretmegi maksat edindik” diýip, Tencent kompaniýasynyň “Yuanbao Emeli intellekt” taslamasynyň agzasy Çi Han aýtdy.

Birnäçe emeli intellekt kompaniýalary ýörite öňünden sargyt etmek hyzmatlaryny hödürleýär, ýagny ulanyjy maglumat berýär, ulgam aýratyn meýilnama taýýarlaýar hem-de jemgyýetçilik gurallaryny – emeli intellekt arkaly wideo we sesli jaňlary, toparlaýyn aýdym aýtmak mümkinçiliklerini hödürleýär.

“Bu programma Täze ýyl üçin täze mümkinçilikleri, şol sanda bilelikde aýdym aýtmak hyzmatyny girizdi. Bu örän gyzykly” diýip, Şandun welaýatyndan ulanyjy Çžan Tun habar berdi.

Dürli platformalaryň maglumatlaryna görä, baýramçylyk döwründe uly emeli intellekt modelleriniň ulanylyşy çalt artdy. 16–19-njy fewral aralygynda umumy ulanylyş möçberi 10 milliarddan geçdi. 130 million adam ilkinji gezek emeli intellekt arkaly sargyt etdi, olaryň 4 milliona golaýy 60 ýaşdan uludyr. Ulanyjylaryň 40 göterimden gowragy 2000-nji ýyldan soň doglan ýaşlardyr.

“Qwen emeli intellekt” platformasynda petek sargytlary bir aý bilen deňeşdirilende 22 esse, ulaglary sargyt etmek 7 esseden gowrak, kinoteatr petekleri bolsa 372 esse artdy, üçünji we dördünji derejeli bazarlarda bolsa 782 esse artdy. Emeli intellekt arkaly edilen sargytlaryň 50 göterimden gowragy etrap derejesindäki ýerlerden geldi.

“Bahar baýramy emeli intellektiň iň köp ulanylýan döwrüdir. Şu döwürde täze önümleri işe girizmek tehnologiýany gündelik durmuş bilen netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär” diýip, Hytaýyň Maglumat Senagaty Ösüş Merkeziniň Geljekki Senagatlar boýunça emeli intellekt ylmy-barlag merkeziniň dosenti Çžun Sinlun gürrüň berdi.

Beýleki habarlar