Kinofilme tomaşa etmekde innowasiýa Bahar baýramynda müşderileriň sanyny artdyrdy

Fewral 23, 2026 | 18:37 |60
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň “film – plýus” täzeçe çemeleşmesi kinofilme tomaşa etmekligi bölekleýin söwda, naharhanalaryň işi we syýahatçylyk bilen utgaşdyrýar. Munuň netijesinde dokuz günläp dowam edýän dynç alyş döwründe müşderileriň sany ep-esli artdy.

Hytaýyň Çande, Ýiçan we Çingo syýahatçylyk şäherleri müşderileriň sarp edijiligini höweslendirmek üçin girdejili töleg penjiresini işe girizdiler. Söwda merkezlerinde kino temasy boýunça bahar baýramynyň ýarmarkalary geçirilýär, kinofilm düşürilýän ýerlerde bolsa halk eserlerine esaslanan çykyşlar we çäreler geçirilýär.

Kino tomaşaçylary dükanlarda, restoranlarda we dynç alyş ýerlerinde özleriniň kinoteatr peteklerini ulanmak arkaly arzanladyşdan peýdalanýarlar; söwda merkezlerinde müşderiler özleriniň söwda çeklerini görkezip, ýörite kino peteklerini satyn alyp bilýärler.

Hunan welaýatynyň Çande şäherindäki Wanda Plaza söwda merkezinde geçirilen kino temasy boýunça şüweleňli çärede milli senetler görkezildi. “Önümlerimiz köplere tanyşdyryldy ... şoňa görä satuwymyz hem şu iki günde ep-esli artdy” diýip, welaýat derejesindäki hoşboý ysly otlary ýasamak mirasynyň mirasdüşeri Çžun Lin gürrüň berdi.

“Bu söwda meýdançasynda her gün ortaça 7000-e golaý tomaşaçy kinoteatrlara kino görmäge barýar, bu bolsa söwda merkezlerinde satuw möçberiniň gündelik 4 million ýuana (ýagny 580 müň ABŞ dollaryna) golaýlaşmagyna ýardam berýär. Bu san geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5% köpdür” diýip, marketing müdiri Li Szun düşündirdi.

“Film – plýus” täzeçe çemeleşmesini synagdan geçiren ilkinji 16 şäheriň biri bolan Çindao şäherinde kinoteatrlaryň işini syýahatçylyk, bölekleýin söwda, naharhanalar we ýaşaýyş jaýlary bilen baglanyşdyrýan “petek satuw ykdysadyýeti” bileleşiginde 700-den gowrak kärhanalar – myhmanhanalar, restoranlar we muzeýler bardyr.

Hubeý welaýatynyň Ýiçan şäherinde Çinszian surat galereýasy ýaly ýerler gaýykly ýörite gezelençleri we çäreleri hödürleýär. “Syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende soňky iki aýda 15% artdy. Kinofilmler biziň sebitimizi köplere tanatdy we söwdany artdyrdy” diýip, “Hubeý Çinszian surat galereýasy syýahatçylygy ösdüriş” kompaniýasynyň baş müdiri Şiu Ýunfu gürrüň berdi.

Bu strategiýa kinoteatra baryp görmekligi höweslendirýär, dynç alyş üçin sarp edijiligi we medeni syýahatçylygy artdyrýar.

Beýleki habarlar