2026-njy ýylyň Bahar baýramynda ýolagçy gatnawlarynyň 5.08 milliarda ýetmegine garaşylýar

Fewral 23, 2026 | 18:35 |54
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Resmi çaklamalara görä, Hytaýyň Bahar baýramynyň 40 günlük syýahatçylyk möwsüminde jemi içerki ýolagçy gatnawlarynyň 5.08 milliarda ýetmegine garaşylýar.

Möwsümiň başyndan, ýagny 2-nji fewraldan bäri her gün ortaça 250 million ýolagçy gatnawlary amala aşyryldy. Hepdäniň şenbe güni 360 milliondan gowrak sebitara ýolagçy gatnawlary ýerine ýetirildi – bu bir günüň çäginde amala aşyrylan ýolagçy gatnawlarynyň taryhy iň ýokary derejesidir.

Hepdäniň şenbe güni Demir ýollary boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sany 16 million 800 müňe barabar boldy. Hytaýyň Guižou, Hubei we Hunan welaýatlary uzakdan gelip işleýän we daş ýerlere gidip işleýän işçiler üçin gijeki ýokary tizlikli ýörite ýolagçy otlularynyň gatnawlaryny ýola goýdular. Guandun welaýatynyň Guançžou Günorta demir ýol menzili köp gatnawly demir ýol ugurlaryny dolandyrmak üçin täze tehnologiýaly ulgamy işe girizdi.

Awtoulag ýollarynda 339 milliondan gowrak ýolagçy gatnawlarynyň amala aşyrylmagy, tizlikli ýollar boýunça gatnawlaryň 65 milliondan geçmegi çaklanylýar. Howa gatnawlary boýunça 2 million 630 müň ýolagçynyň, deňiz-derýa ulaglary boýunça 1 million 810 müň ýolagçy gatnawlarynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar.

“Şu ýylky Bahar baýramynyň 40 günlük syýahatçylyk möwsüminde sebitara ýolagçy gatnawlarynyň möçberiniň iň ýokary derejesine ýetmegine garaşylýar. Biz köp sanly ýolagçy ganawlaryny netijeli dolandyrmak üçin toplumlaýyn ulaglar ulgamyny yzygiderli kämilleşdirýäris” diýip, Hytaýyň Ulag ministrliginiň Ulag hyzmatlary bölüminiň müdiriniň orunbasary Ýaň Ýun habar berdi.


2026-njy ýylyň Bahar baýramynyň syýahatçylyk möwsümi 13-nji marta çenli dowam eder.

Beýleki habarlar