Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan 16-njy halkara kitaplar sergisi geçirildi

Golaýda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Beýik Britaniýada, Fransiýada, Singapurda, Tunisde we Awstraliýada, ýagny dünýäniň 40 ýurdunda we sebitlerinde ýerleşýän 100-den gowrak kitap dükanlarynda Hytaýyň bahar baýramyna bagyşlanan, Hytaý edebiýatynyň 16-njy bilelikdäki kitaplar sergisi geçirildi.
Bu çärä gatnaşan kitap dükanlarynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň baş sekretary Si Szinpiniň eserleri we degişli okuw materiallary köpçülige hödürlendi.
Şol dükanlarda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň kararlary we çözgütleri, milli derejede alnyp barylýan syýasatlar, şeýle hem täze eýýamda Hytaýyň dünýä ähmiýetli gazanan üstünliklerini beýan edýän tematiki neşirler görkezildi.
Sergide bahar baýramyna bagyşlanan kitaplar, ylym-bilim pudagyndaky görnükli işler, çagalara bagyşlanan kitaplar hem-de Hytaý dilini öwrenmek isleýänler üçin degişli okuw materiallary görkezildi.
Daşary ýurtlardaky okyjylara niýetlenen bu serginiň çäginde dürli ýurtlardan gelen adamlara bahar baýramynyň medeni gözelligini öz gözleri bilen görmäge, ýürekleri bilen duýmaga mümkinçilik berýän düzme ýazmak bäsleşigi ýaly dürli çäreler hem geçirildi.
Her ýyl geçirilýän bu sergi medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de halkara okujylaryna Hytaý edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berýär.







