Bahar baýramynda Hytaýyň şäherlerinde gijeki çäreler köpçüligi özüne çekdi

Fewral 23, 2026 | 18:31 |42
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Bahar baýramynyň dokuz günlük, ýagny 23-nji fewrala çenli dowam edýän dynç alyş döwründe Hytaýyň köp şäherlerinde gijeki baýramçylyk çäreleri we tomaşalar guramaçylykly geçirildi. Bu çärelere müňlerçe syýahatçylar höwes bilen gatnaşdylar.

Hytaýyň iň möhüm milli baýramy hasaplanýan Bahar baýramy – Hytaý Täze ýyly şu ýyl 17-nji fewrala gabat geldi.

Sziansu welaýatynyň Nankin şäherindäki medeni-syýahatçylyk zolagy bolan Szinlin şäherçesinde gijeki ýörite maksatnamalar, yşykly bezegler, milli däp-dessurlarynyň tanslary hem-de maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan çykyşlary baýramçylyk ruhuny has-da ýokary göterdi. “Alty neberäniň gadymy paýtagty” hökmünde tanalýan Nankin şäheri III–VI asyrlarda günorta dinastiýalaryň, 1368–1644-nji ýyllarda bolsa Min dinastiýasynyň paýtagty bolupdy.

Hebei welaýatynyň Sinhuandao şäherinde geçirilen Täze ýyl çyralar baýramçylygynda yşykly bezegler we milli däp-dessurlaryna degişli çykyşlary, şol sanda eredilen demir uçgunlary we otly çykyşlar bu ýere gelen myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem 1000 sany dronly ýagtylyk şüweleňi we asmana uçurylan çyralar baýramçylyk öwüşginini artdyrdy. Guramaçylar bu çäräniň 4-nji marta çenli dowam etjekdigini hem-de 200 müňden gowrak tomaşaçynyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdiler.

Hunan welaýatynyň Henşan etrabyndaky Henşandu seýilgäh zolagynda geçirilen dronly ýagtylyk şüweleňi hem uly märekäni ýygnady. Sagat 20:00-da başlanan çykyş baýramçylyk sazlary bilen utgaşyp, derýanyň kenaryndaky yşyklandyryş we gaýyk bezegleri bilen sazlaşykly görnüşi döretdi. Işgärleriň aýtmagyna görä, dynç alyş döwründe seýilgäh zolagynyň girdejisiniň 40 göterimi gijeki çäreleriň paýyna düşdi. Bu çäreler 3-nji martda bellenilýän Çyra baýramçylygyna çenli dowam eder.

Gijeki geçirilýän çäreler baýramçylyk ruhuny baýlaşdyryp, ýerli syýahatçylygyň ösüşine goşmaça itergi berdi.

Beýleki habarlar