Bahar baýramynyň meýdançalary Hytaýda syýahatçylygyň ösüşine itergi berýär

Fewral 21, 2026 | 17:42 |60
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


2026-njy ýylyň Bahar baýramynyň dört meýdançasy – Heilunszian welaýatynyň Harbin şäheri, Žeszian welaýatynyň Iwu şäheri, Anhoi welaýatynyň Hefei şäheri hem-de Siçuan welaýatynyň Ýibin şäheri – syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleridir. Bu şäherler köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görkezilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmak isleýän myhmanlary has köp özüne çekýär.

Harbinde ýerleşýän Buz – Gar dünýäsi sahnasy henizem syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň biri bolup galýar. Myhmanlar demirgazyk täze ýyl däplerine, her gün geçirilýän buzly – garly çykyşlara hem-de milli lybasda çykyş edýänleriň gatnaşmagyndaky çärelere tomaşa edýrler. Syýahatçylaryň bellemegine görä, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görkezilen sahnany öz gözüň bilen görmek aýratyn täsir galdyrýar.

Iwu şäheriniň Fotan gadymy şäherçesinde konsert üçin gurlan ýüz sany uly ak ýelekli ýüzýän köpri syýahatçylaryň surata düşýän söýgüli ýerleriň birine öwrüldi. Bahar baýramynyň ilkinji güni Iwu Şuanszianhu topary şäherçä 110 müňden gowrak myhmanyň gelendigini habar berdi, bu bolsa geçen ýyldaky 90 müň adam bilen deňeşdirilende ep-esli köpdür.

Hefei şäherindäki “Anhoi gözelliginiň gözi” sahnasy köpçülik üçin mugt açyldy. Şäherde At ýylynyň nyşanlary bilen bezelen 10 sany ýörite surata düşülýän ýerler döredildi. Ulag petekleri bolan syýahatçylara 50-den gowrak A derejeli dynç alyş merkezine mugt girmeklige mümkinçilik döredildi. Ýerli häkimiýetler 30 million ýuan (ýagny 4 million 340 müň ABŞ dollary) möçberinde maýa goýbermek bilen, dürli ýeňillikleri we kuponlar hödürleýär.

Yibin şäheriniň Heszian köçesi we Sansziankou seýilgähi baýramçylyk yşyklandyrylyşy, At ýylynyň bezegleri, milli miras bazarlary, halk çykyşlary we gijeki dron görkezilişleri bilen köpçüligi özüne çekýär.

Soňky ýyllarda Bahar baýramy konsertiniň sebit sahnalary ýerli medeniýeti görkezmekde hem-de sebit syýahatçylygyny ösdürmekde möhüm meýdança hökmünde çykyş edýär. 


Beýleki habarlar