Ýanszy derýasynyň deltasynda dikuçarly gezelenç etmeklige islegler artýar

Fewral 21, 2026 | 17:37 |58
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Bahar baýramy mynasybetli dokuz günläp dowam edýän dynç alyş döwründe Ýanszy derýasynyň deltasynda dikuçarda gezelenç etmeklik syýahatçylaryň arasynda ýoň bolup barýar. Baýramçylyk döwründe tizlikli gezelenç etmeklige islegler köpelýär, bu hem öz gezeginde Hytaýyň barha ýol alýan pes beýiklikdäki ykdysadyýetine özboluşly goldaw berýär.

“Shanghai Newsky Helicopter” kompaniýasy Ýanpu etrabyndaky Fuszin adasyndan Şengsi adalaryna 30 minuta golaý dowam edýän uçuşlary amala aşyrýar. Uçuş Pudun täze zolagyndan, Şanhaý pilot erkin söwda zolagynyň Lingan ýörite etrabynyň hem-de Dunhaý köprüsiniň üstünden geçýär.

“Uçuş wagty ýokardan Pudun täze zolagyny görüp bolýar... soňra Lingan ýörite etrabyndan we Dunhaý köprüsiniň üstünden uçup geçilýär” diýip, kapitan Sýu Szianszun aýtdy.

Şeýle uçuşlar awtoýol we parom arkaly sagatlap dowam edýän gatnawlary ýarym sagada çenli azaldýar. Bu uçuşlar üçin öňünden berkitmeler WeChat mini-programmasy arkaly amala aşyrylýar, petekleriň bahalary 600 ýuandan (ýagny 94 ABŞ dollaryndan) başlap, 2500 ýuana (ýagny 362 ABŞ dollaryna) çenli bolup bilýär.

Syýahatçylyk möwsüminde bu uçuşlara bolan islegler ep-esli artdy. “Bahar baýramy döwründe petekleri öňünden sargyt etmekligiň möçberi adatdakysyndan 1.5 esse diýen ýaly köpeldi” diýip, “Shanghai Newsky Helicopter” kompaniýasynyň uçuş bölüminiň müdiri Li Sin gürrüň berdi.

Dikuçarda uçmak hyzmatlary syýahatçylyk gatnawlarynyň iň gyzgalaňly wagty ýüki ýeňilleşdirýär we sebitlerde gatnawlaryň sazlanmagyny üpjün edýär. “Pes belentlikde syýahat etmekligi kadaly ýola goýmak maksady bilen täzeçe çemeleşmeler giriziler” diýip, Sziansu welaýatynyň Nantun şäheriniň Çonçuan etrabynyň Ýol hereketini sazlaýyş bölüminiň müdiri Şu Şennan düşündirdi.


Hytaýyň Raýat awiasiýasy müdirliginiň maglumatlaryna görä, pes belentlik ykdysadyýetiniň möçberiniň 2035-nji ýyla çenli 3 trillion 500 milliard ýuana (ýagny 506 milliard 600 million ABŞ dollaryna) ýetmegine garaşylýar. Ýanszy derýasynyň deltasy we Guandun – Gonkong – Makao uly aýlag sebitleri dikuçar gatnawlarynyň iň köp ýerine ýetirilýän sebitleridir we bu ugur batly depginde ösýändir.

Beýleki habarlar