Ýerli brendler Hytaýyň kosmetika bazarynda öňdeligi eýeleýär

Fewral 21, 2026 | 17:36 |52
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň kosmetika pudagynda ýerli brendler ilkinji gezek daşary ýurt kompaniýalaryndan öňe geçip, bazarda esasy orny eýeledi. Bu üstünlik dowamly innowasiýalar we sarp edijä niýetlenen önümleriň hili bilen baglanyşyklydyr.

Hytaýyň Hoşboý ys, tagam we kosmetika senagaty assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda pudagyň söwda dolanyşygy ilkinji gezek 1 trillion 100 milliard ýuandan (ýagny 143 milliard 600 million ABŞ dollaryndan) geçdi.

Ýerli brendleriň bazardaky paýy 2015-nji ýylda 43 göterim bolan bolsa, häzirki wagtda 57 göterime ýetdi. Bu görkeziji 2022-nji ýylda 50 göterime, 2023-nji ýylda 53 göterime, 2024-nji ýylda 55 göterime çenli ýokarlandy.

“Bu ösüş innowasiýanyň, brend gymmatlygynyň we önüm tejribesiniň artmagy bilen şertlendirilýär” diýip, Yatsen Group kompaniýasynyň baş ylmy işgäri Çen Szýin düşündirdi. Hytaýyň iri ýerli kompaniýalarynyň biri bolan Yatsen Group kompaniýasy 2020-nji ýyldan bäri ylmy-barlag işlerine 100 million ABŞ dollary möçberinde maýa goýup, deri idegine, neýroylyma we makiýaža degişli köpugurly brend harytlaryny döretdi.

Ýerli öndürijileriň köpüsi biotehnologiýa we tebigy çig mallara esaslanýan serişdeleri ösdürmäge ünsi jemläp, “arzan önüm” düşünjesinden daşlaşýar. Şanhaýdaky Beauty Nova Tech Hub merkeziniň ýolbaşçysy Lu Iniň bellemegine görä, ýerli brendler önümçilikde ulanylýan esasy düzüm we bioaktiw materiallar boýunça gazanylan üstünlikler arkaly ylmy-barlag ugrunda öňdeligi eýeleýär.

Şol bir wagtda halkara kompaniýalar hem Hytaý müşderileriniň hil talaplaryna laýyk gelmek üçin tagalla edýärler. Mysal üçin, Clarins kompaniýasy daşary ýurtdaky ýeke-täk ylmy merkezini Şanhaýda döredip, ýerli deri aýratynlyklaryna, howa şertlerine we gurluş aýratynlyklaryna laýyk önümleri taýýarlaýar.

L'Oréal we Estée Lauder ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary hem Şanhaýda ýokary derejeli ylmy-barlag merkezlerini döretdiler. Bu bolsa Hytaýyň indi diňe bir satuw bazary bolman, eýsem innowasiýa merkezine öwrülýändigini görkezýändir.

Beýleki habarlar