Hytaýyň oba ýerleri senagatyň we syýahatçylygyň ösmegi esasynda düýpli özgerýär

Hytaýyň oba ýerlerinde ilatyň ýaşaýyş derejesi we senagatyň ösüşi ýokarlanýar, obalarda düýpli özgerişlikler bolup geçýär.
Sziansi welaýatynyň Szinganşan şäheriniň Maopin şäherçesiniň Şenşan obasynyň ýaşaýjylary ýerli tebigyň artykmaçlyklardan peýdalanyp, obada syýahatçylygy ösdürýärler. Oba ýaşaýjysy Pen Siaýin 2016-njy ýylda obanyň ilkinji agroturizm jaýyny açdy; häzirki wagtda onuň 18 sany otagy bar we bu maşgalanyň ýyllyk girdejisi 100 müň ýuan (ýagny 14 474 ABŞ dollaryna) barabardyr. “Herekt edýän düzgünlere esaslanyp, biz indi öz öýmüziň hyzmatlary bilen syýahatçylygy ösdürýäris” diýip, Pen Siaýin gürrüň berdi.
Obada jan başyna düşýän girdeji on ýyl mundan ozal 2300 ýuandan (ýagny 333 ABŞ dollaryndan) 36 müň ýuana (ýagny 5 210 ABŞ dollaryna) ýetdi. “Şenşan obasy sadaja bir daglyk obasyndan indi syýahatçylaryň köp gelýän ýerine öwrüldi. Biz bu ýere geläýn adamlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin elimizde baryny edip, pudagymyzy ösdüreris” diýip, Maopin şäherçesiniň partiýa bölüminiň sekretary Şiong Bin aýtdy.
Siçuan welaýatynyň Lianşan Ýi awtonom prefekturasynyň Sanhe obasynda medeni önümleri öndürýän kärhananyň işi gyzgalaňly barýar. Oba ýaşaýjylary häzir ekerançylyk aladalaryny kärhananyň işleri bilen utgaşdyryp, ýylda 20 000 ýuandan (ýagny 2 895 ABŞ dollaryndan) gowrak girdeji gazanýarlar. Obada ýöriteleşdirilen ekerançylyk/tohumçylyk desgalary açyldy, myhmanhanalar we halk medeniýetini görkezýän köçe guruldy. Bu bolsa dokuz sany goňşy obalara öz peýdasyny ýetirdi we 300-den gowrak adama iş orunlaryny döretdi.
Şansi welaýatynyň Linfen şäheriniň Duankun obasynda Bahar baýramy dabaralarynda gonglar we deprekler çalynýar. Obada gün energiýasyndan elektrik energiýasy öndürilýär, oba ýaşaýjylary maldarçylyk bilen meşgullanýar. “Ýaşaýyş şertlerimiz öňkä garanda ep-esli gowulaşdy: ýollarymyz asfaltlandy, her öýde suw kranlary we gartaşan adamlar üçin amatlyklar döredildi” diýip, oba ýaşaýjysy Çaý Wenmin öz pikirini paýlaşdy.
Bu mysallar Hytaýyň oba hojalygynyň ösýändigini, ýerli tebigatyň artykmaçlyklaryny häzirki zaman senagaty we syýahatçylyk bilen utgaşdyryp, ýerli ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulaşýandygyny görkezýändir.







