Sinszianyň garly meýdanlaryndaky at çapyşyklary, göreşler syýahatçylary özüne çekýär

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszian-Uýgur awtonom welaýatynyň Ili Gazak awtonom etrabynyň Tekes şäherçesiniň garly meýdanlarynda geçirilen tolgundyryjy at çapyşyklary we däbe öwrülen göreşler Täze ýyl çärelerine baýramçylyk ruhuny goşdy we ýurduň dürli künjeklerinden köp sanly syýahatçylary özüne çekdi.
Ussat çapyksuwarlar gar bilen örtülen meýdanda at çapyşyklaryna gatnaşdylar, at üstündäki ezberligi we ussatlygy synaýan at göreşi bolsa bu ýere gelen tomaşaçylarda şowhunly seslenmeler döretdi.
“Şu gün obadaşlarym bilen at çapyşygyna gatnaşýandygyma begenip, iki bolup bilemok! Obamyza iň gowy arzuwlary, hemmelere parahatçylyk we bagt arzuw edýärin” diýip, ýaş çapyksuwar Mahzan Ýerhabul öz düýgularyny paýlaşdy.
Bu çärede şeýle hem gyrgyz we gazak halklarynyň umumy halk sungatyna öwrülen janly tanslary we Aken çykyşlary görkezildi. Ýaşy bir çene baran oba ýaşaýjylary süýjülik paýladylar we bahar baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler, bu bolsa öz gezeginde köp myhmanlary özüne çeken şatlykly, ýakymly gurşawy döretdi.
“Men öň hiç haçanam bular ýaly çärä gatnaşmandym... Men at çapyp gördüm, garda motosikl sürüp gördüm, şeýle gyzykly boldy” diýip, Hytaýyň gündogaryndaky Žeszian welaýatyndan gelen syýahatçy Çžan Leksin pikirini paýlaşdy.
Bahar baýramy mynasybetli dokuz günläp dowam edýän dynç alyş döwri hepdäniň ýekşenbe güni başlady we bu baýramçylyk özboluşly, gyzykly medeni çäreler arkaly ýerli syýahatçylyga itergi berdi.







