Hytaýly režissýor Emeli Aň zamanasynda döredijiligiň gymmatlyklaryny saklamaga çagyrýar

Noýabr 17, 2025 | 18:00 |106
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň dünýä belli kino režissýory Çžan Ýimou, emeli aň zamanasynyň kino sungatyna çuňňur täsir ýetirýändigine garamazdan, kino döredijiliginiň “asyl gymmatlyklaryna” wepaly bolup galmaga hem-de ony geljekki nesillere mynasyp geçirmäge çagyrýar.

Hytaý kino sungatynyň döräninden bäri geçen 120 ýylyň dowamynda bu pudakda köp sanly özgertmeler bolup geçdi. Şeýle-de bolsa, režissýor Çžan Ýimou Hytaýyň günortasyndaky Fusian welaýatynyň Siamen şäherinde geçirlen baýrak gowşurylyş dabarasynyň çäginde Hytaýyň Merkezi Telewideniýesi bilen geçiren giňişleýin söhbetdeşliginde, kino sungatynyň adamlara ýetirýän wizual we audio täsiriniň üýtgewsiz galýandygyny aýtdy.

“Bu geçen 120 ýylyň dowamynda Hytaýda nähili uly özgerişlikleriň bolup geçendigini görmek bolýar, şeýle hem, soňky birnäçe onýyllygyň özünde ýurtda nähili öňegidişlikler gazanyldy. Dowam edýän emeli aň zamanasy kino pudagyna örän uly täsir ýetirýär. Düşürilýän filmleriň mazmuny, estetiki düşünjeleri, döredijilik ugurlary – ählisi täze ýörelgelere ýykgyn edýär. Şol bir wagtyň özünde, näçe özgerişlik bolup geçse, biz şonça-da kino sungatynyň asyl gymmatlyklaryna ygrarly bolup galmalydyrys,” diýip, ol belledi.

Onuň sözlerine görä, režissýoryň ilkinji filmini görýän adamda onuň döredýän çuň duýgulary - kino ussatlarynyň döredijiliginiň düýp maksadydyr.

“Kino sungatynyň wekilleriniň wezipesi – şu asyl gymmatlyklary saklamak, onuň undylmagyna ýol bermezlik hem-de ýaş nesle, ýaş kinoçylar toparyna mynasypgeçirmektir,” diýip, Çžan düşündirýär.

Çžan Ýimou şu ýylky 38-nji “Altyn Horaz” baýrak gowşuryş dabarasynyň eminler toparyna ýolbaşçylyk edip, bu dabara geçen şenbe güni agşam Siamen şäherinde geçirildi.

1981-nji ýylda döredilen “Altyn Horaz” baýragy Hytaýyň Edebiýat we Sunga tfederasiýasy hem-de Hytaýyň Kino Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Beýleki habarlar