Hytaý Täze ýyl baýramçylygy döwründe eltip gowşurmalaryň netijeliligi ýokarlanýar

Pekiniň emeli intellekt ornaşdyrylan, robototehnika bilen enjamlaşdyrylan we awtomatlaşdyrylan “Aziýanyň 1-nji” logistika merkezi 2026-njy ýylyň Bahar baýramynda – 17-nji fewralda başlanan Hytaý Täze ýylynyň bellenýän döwründe harytlary saklamakda, gaplamakda, tertiplemekde we salgylara eltip gowşurmakda öz işiniň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrdy.
Müşderileriň yzygiderli sargytlaryny we isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen bu merkez öz işinde robotlary we emeli intellekt ulgamlaryny ornaşdyrdy hem-de her günde 12 müň sargydy kabul edip, işläp taýýarlaýar – bu her sekuntda ortaça üç sargydy ibermek diýmekdir.
Bu merkezde ykjam ýerleşdirilen tekjeler bar: bir egin-eşik ammary 3000 inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär, ýagny onuň tutýan meýdany ýedi sany basketbol meýdançasyna barabardyr. Ammardaky tekjeleriň beýikligi 12 metre çenli ýetýär we olarda on müňlerçe sany gutular saklanýar.
Bu logistika merkeziniň işinde robotlar esasy rol oýnaýar: dyrmaşmagy başarýan robotlar tekjelerden gerek bolan zatlary alýarlar, 87 sany daşaýjy robotlar bolsa harytlary çaltlyk bilen daşaýarlar. Çaknyşmalaryň öňüni almak, QR kod nawigasiýasy we harytlary takyk ýerleşdirmek üçin ulanylýan sensorly enjamlar adam eli bilen ýerine ýetirilýän bilen deňeşdirilende işiň netijeliligini 73% ýokarlandyrýar. Internet kompýuteri - bulut bilen sinhronlaşdyrylan ulgamlar ugurlary amatly saýlap almak, geçiljek aralygy azaltmak we geçirijiligi ýokarlandyrmak üçin öňünden çaklaýyş modellerini we algoritmlerini ulanýar.
“Täze ýyl harytlarynyň emeli intellektli kartasy” sebitdäki sargytlary çaklaýar, bu bolsa täze tehnologiýaly inwentar paýlamasyny, öňünden ýerleşdirmegi we platformalarda köp ammarlary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Awtomatlaşdyrylan usulda gaplama işiň netijeliligini has-da ýokarlandyrýar: işçiler ýönekeý el hereketleri bilen awtomatiki möhürleýärler, gelip gowşan on müňlerçe sargydy işläp geçirmek üçin wagt tygşytlanýar we harytlaryň salgylara umumy iberilişi çaltlaşdyrylýar.
Emeli intellekt arkaly dolandyrylýan çaklama, robototehnika utgaşdyrmasy we awtomatlaşdyrma Hytaýda ýyllyk sarp edijiligiň iň gyzgalaňly döwründe logistika netijeliligine täzeçe itergi berýär.







