Täzelenen kuwwatlandyryş ulgamy elektromobil sürüjileri üçin oňaýlylygy artdyrýar

Hytaýyň dowam edýän Bahar baýramy döwründe kämilleşdirilen kuwwatlandyryş infrastrukturasy elektromobilleriň sürüjilerine öz awtoulaglaryny has çalt kuwwatlandyrmaga we uzak syýahat etmäge mümkinçilik döretdi. Bu bolsa daşky gurşawa zyýansyz dynç alyş gezelençlerini goldamak bilen, syýahatçylyk we myhmansöýerlik pudagyna uly peýda getirýändir.
Sziansu welaýatynyň Suçžou şäherindäki Ýançengu hyzmat ediş zolagy – her günde 100 müňden gowrak ulagy kabul edýän, ýokary tizlikli esasy ýollaryň çatrygynda ýerleşýär – bu ýerde seýilgähler, dükanlar we naharhanalar, bölek söwda merkezleri we medeni gymmatlyklarlar bilen bagly bolan 50-den gowrak brendler bilen özgerişlikler geçirildi. Bu ýere gelýän myhmanlar, döredilen oňaýlyklar esasynda ortaça 15 minutdan 45 minuta çenli wagt geçirýärler.
“Bu ýeri diýseň täsin we oňaýly.. Indi men ulagymyň kuwwatlanýan wagty söwda edip, töwerege aýlanyp bilýärin. Bu diýseň ýakymly” diýip, bir elektromobiliň eýesi Çžou öz pikirini paýlaşdy.
Milli Energetika Müdirliginiň maglumatlaryna görä, Bahar baýramynyň ilkinji üç gününde 1 million 400 müň gezek elektromobil kuwwatlandyrylyşy hasaba alyndy, her günde 11.8008 million kWt/sag energiýa sarp edildi – bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 63.05% köpdür. Hytaýyň şäherleriniň 80% -den gowragynda indi elektromobil kuwwatlandyryş enjamlary gurnalandyr.
Siçuan welaýatynyň Beýçuan Çiang awtonom etrabynyň deňiz derejesinden 1200 m beýiklikde ýerleşýän Şiýi obasynda 26 sany elektromobil kuwwatlandyryş enjamlary oturdyldy we 23 sany myhman jaýlarynyň ählisine goldaw berdi.
“Öýümiziň gapdalynda oba kuwwatlandyryş enjamlary bar... Indi işimiz has hem oňuna bolýar” diýip, öý hojalygynyň eýesi Çen Ýan aýtdy.
Ultra çalt kuwwatlandyryjylar häzir käbir modeller üçin üç minutyň dowamynda 200 km ýol üçin kuwwat berýär, şol bir wagtyň özünde täze tehnologiýaly platformalar energiýany tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýär, hyzmatlaryň hili bolsa gitdigiçe gowulaşýar.
Bu ekologiýa taýdan arassa öňegidişlik uzak aralyklara syýahat etmegi has amatly edýär we Hytaýyň ýyl boýunça iň gyzgalaňly syýahatçylyk döwründe oba ýerleriniň ykdysady ösüşine itergi berýär.







