Hytaýda Aý senenamasy boýunça Täze ýyl gijesi onlaýn tölegleriň rekord derejesi gazanyldy

Fewral 20, 2026 | 15:51 |40
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý Täze ýylynyň öňüsyrasynda ýurtda onlaýn tölegleriň möçberi ep-esli ýokarlandy. Hytaý Halk Bankynyň habar bermegine görä, "China UnionPay" we "NetsUnion Clearing Corporation" ulgamlary duşenbe güni umumy mukdary 4,931 milliard tranzaksiýany işläp geçirdi, bu bolsa geçen ýylyň şol gününiň degişli görkezijisinden 21,64 göterim köpdür.

Merkezi bankyň mälim etmegine görä, iň ýokary işjeňlik duşenbe güni sagat 23:50-den sişenbe güni sagat 00:20-e çenli aralyga gabat geldi, şol wagt ulanyjylar "WeChat" programma arkaly pul sowgatlary iberýän wirtual "gyzyl bukjalary" işjeň ugradýardylar. Bu pursatda onlaýn tölegleriň görkezijisi rekord derejä ýetdi — sagatda 144 700 tranzaksiýa.

Bahar baýramy bütin dünýäniň hytaýlylary üçin iň möhüm milli baýramçylyk bolmagynda galýar. Ol maşgala birleşmegini, täzelenmegi we Aý senenamasy boýunça Täze ýylynyň başlanmagyny alamatlandyrýar.



Beýleki habarlar