Hytaýda ýolagçylaryň Täze ýyl akymy bilen baglanyşykly ulag ulgamynyň geçirijilik ukyby artdyrylýar

Fewral 19, 2026 | 12:46 |44
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý, Bahar baýramy we Ýylky ýylynyň ilkinji güni bolan sişenbe güni, şäherara gatnawlaryň birden köpelmegini dolandyrmak üçin ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny ep-esli artdyrdy.

Ulag edarasynyň hasaplamalaryna görä, bu gün ýurt boýunça 210 milliondan gowrak ýolagçy gatnawy amala aşyryljak.

Demir ýol ulgamy takmynan 6,1 million ýolagçy gatnawyna hyzmat eder, goşmaça 281 otly goşuldy.

Hytaý Döwlet Demirýollarynyň Ýolagçy gatnawlaryny dolandyrmak bölüminiň direktorynyň orunbasary Mou Hunszi, iň gyzgalaňly döwründe milli demirýol ulgamynda günde 14 müňden gowrak ýolagçy otlusynyň işlediljekdigini we geçirijilik ukybynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,3% ýokarlanjakdygyny habar berdi.

Bu aralykda, awtomobil gatnawy kem-kemden dikeldilýär we elektrik ulaglarynyň ulsnyş sany artmagyny dowam etdirýär. Baýramçylyk döwründe olaryň ortaça gündelik sanynyň 12 milliona ýetmegine garaşylýar, bu umumy ulag akymynyň takmynan 22%-ni düzýär.

Ulag ministrliginiň Ulag hyzmatlary departamentiniň direktorynyň orunbasary Sin Minlun, häkimiýet edaralarynyň ýokary derejede zarýad bermek talaby bolan awtoulag ýollarynyň hyzmat zolaklarynyň 79-syny öňünden kesgitländigini we 10 müňden gowrak täze zarýad enjamyny gurandygyny habar berdi.

Hytaýyň raýat awiasiýasynyň 2,23 million ýolagça hyzmat etmegine garaşylýar, meşhur syýahatçylyk ugurlarynda ýolagçy gatnawynyň köpelmegi dowam edýär.

Beýleki habarlar