Şençžou-21 ekipažy Hytaýyň kosmos üstünlikleri barada wideoşekili hödürledi

Fewral 18, 2026 | 18:03 |73
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň orbitada ýerleşýän kosmos stansiýasynda işleýän “Şençžou-21” dolandyrylýan gämisiniň ekipažy milli kosmos maksatnamasynyň üstünliklerine bagyşlanan aýdym-sazly wideoşekili hödürledi. Premýera şu ýyl 17-nji fewralda bellenilýän Bahar baýramyna gabat geldi.

 Orbitadaky işden gysga wagtlyk dynç alyş döwründe kosmonawtlar Çzan Lu, U Feý we Çzan Hunçzan “Kosmosda bäş ýyldyzly gyzyl baýdak parlaýar” atly aýdymy ýazga geçirdiler. Bu kompozisiýa Hytaýyň kosmos pudagynyň hünärmenlerine bagyşlanyp, Ýerden takmynan 400 kilometr beýiklikde ýerine ýetirildi. Premýeranyň öňisyrasynda ekipaž agzalary döwlet baýdagy baradaky şahsy täsirleri bilen paýlaşdylar.

 U Feý ilkinji gezek açyk kosmosa çykanda, gäminiň daşynda bäş ýyldyzly gyzyl baýdagyň gözüňi gamaşdyryjy şöhle saçandygyny aýtdy. Çzan Hunçzan bolsa bu baýdagyň onuň üçin iň ajaýyp görnüşdigini nygtady. Kosmonawtlar bilelikde milli baýdagyň kosmosda hemişe belentde parlaýandygyny görmek arzuwyny beýan edip, aýdym-sazly çykyşyň duýguly äheňini döretdiler.

 Wideoşekil şeýle hem ýurduň kosmos maksatnamasynyň öňdebaryjylaryna hormat goýýar. Onda kosmosa uçan ilkinji hytaý kosmonawty Ýan Liweý hem-de dolandyrylýan uçuşlary ösdürmegi dowam etdiren soňky nesilleriň wekilleri bilen baglanyşykly wideokadrlar peýdalanyldy.

 Material ekipažyň ylmy missiýasyny baýramçylyk ruhy bilen utgaşdyryp, hytaý kosmonawtikasynyň üstünlikleriniň dowamlylygyny nygtaýar.

Beýleki habarlar