Hytaýda demir ýol ýolagçy gatnawlary 10 aýda 6,4% ýokarlandy

Hytaý Halk Respublikasynda şu ýylyň ilkinji 10 aýynda 3 milliard 950 million adam ýolagçy otly gatnawlarynyň hyzmatlaryndan peýdalandy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,4% ýokarydyr diýip, ýurduň Döwlet Demir ýollary dolandyryş topary habar berýär.
Bu görkeziji ýylyň şol bir döwri üçin taryhda iň ýokary derejäni aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, oktýabr aýynyň 1-ne ýolagçylaryň otly bilen gatnamaklarynyň günlük täze rekordy, ýagny 23 million 132 müň ýolagçy sany hasaba alyndy.
Ýolagçylaryň we gezelenç edýänleriň barha artýan sanyna laýyklykda milli demir ýol ulgamy ýolagçy gatnawlarynyň tertibini yzygiderli kämilleşdirýär, demir ýollary arkaly syýahat etmek mümkinçiliklerini giňeldýär. Şol bir wagtda, gartaşan adamlar, maşgala bolup gezelenç etmek hem-de beýleki ýöriteleşdirilen ýolagçy otlylarynyň sanyny ep-esli artdyrdy.
Ýanwar-oktýabr aralygynda şolar ýaly maksatlar üçin jemi 2 049 sany ýörite ýolagçy otlusy hereket edip, şeýle hyzmatdan peýdalanýanlaryň görkezijisi ýyllyk hasapda 28,1% ösüşi görkezdi. Syýahat etmegi höweslendirmak maksady bilen ýolagçy otly gatnawlaryndaky hyzmatlaryň hili hem yzygiderli kämilleşdirilýär.
Talyplar, çagalar, şeýle hem maýyplygy bolan harby gullukçylar üçin goşmaça ýeňillikler girizildi, ýagny indi olar ýokary tizlikli ýolagçy otlusynda gitmek üçin arzanladylan petekleri öňküsinden hem arzan satyn alyp bilýärler. Demir ýol ulgamynyň 60 ýaşdan geçen işgärleri ýolagçy otlusy bilen geçen kilometrleri üçin üç esse, 14–28 ýaş aralygyndaky işgärler bolsa iki esse bonus utuk alýarlar.







