Hytaýyň astronawtlary sag-aman ýere gondy

Noýabr 16, 2025 | 18:50 |96
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hepdäniň anna güni “Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda Içerki Mongoliýa awtonom welaýatynyň Dunfen gonuş meýdanyna Şenžou-21” älem gämisiniň “Şenžou-20” astronawtlary Çen Dun, Çen Žongrui we Wang Jie kapsulada sag-aman ýere gondular. Pekin wagty bilen sagat 11:14-de “Şenžou-21” älem gämisi älem stansiýasyndan aýryldy. Sagat 14:49-da Pekin älem dolandyryş merkezi ýerüsti stansiýasy arkaly ýere gaýdyp gelmek görkezmesini berdi, şondan soň orbita moduly gaýdyp gelme kapsulasyndan aýryldy.

Soňra gaýdyp gelme kapsulasy hereketlendiriji moduldan bölünip çykdy we Dunfên gonuş meýdanynda sagat 16:40-da gondy diýip, Hytaýyň dolandyrylýan älem gullugy habar berdi.

Gözegçilik eden lukmanlaryň beren maglumatlaryna görä, kapsuladan çykan astronawtlar özlerini gowy duýýarlar we olaryň saglyk ýagdaýy kadaly.

“Şenžou-20” ekipažy 2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Siusuan badalga meýdançasyndan ugrapdylýar.

Ilkibaşda astronawtlaryň ýere gaýdyp gelmegi 5-nji noýabra meýileşdirilipdi, ýöne birkemsiz howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen yza süýşürildi. Hytaýyň dolandyrylýan älem gullugynyň beren maglumatlaryna görä, “Şenžou-20” ekipažynyň gaýdyp gelme kapsulasynyň penjiresinde kiçiräk çat açmalar ýüze çykarylypdyr. Muňa, ähtimal, älem zibiliniň sebäp bolan bolmagy mümkindir.

Şeýle çat açmalaryň bolmagy älem gämisiniň astronawtlarynyň ýere howpsuz gaýdyp gelmegini kepillendirýän talaplara laýyk gelmeýändigi sebäpli, astronawtlaryň stansiýada galyp, gözden geçiriş-barlag işlerini dowam etdirjekdikleri barada agentlik habar berdi.

Ýere gaýdyp gelmezinden öň “Şenžou-20” ekipažy 1-nji noýabrda äleme ugran “Şenžou-21” astronawtlaryna stansiýanyň dolandyrylyşyny resmi ýagdaýda tabşyrdy.

Hytaýyň dolandyrylýan älem gullugynyň beren maglumatyna laýyklykda, “Şenžou-22” älem gämisi geljekde amatly wagtda uçurylar.

Beýleki habarlar