Hytaýda ETF möçberi maýa goýumlarynyň artmagy we halkara giňelmesi esasynda rekord derejä ýetdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň birža maýa goýum gaznalarynyň (ETF) bazarynyň möçberi rekord dereje bolan 6,02 trillion ýuana ýetdi, bu takmynan 871 milliard ABŞ dollaryna barabardyr. Resmi maglumatlara görä, bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 61,4 göterim köpdir. Ösüş üznüksiz önüm innowasiýalarynyň, maýa goýum ugurlarynyň giňelmeginiň we hytaý gaznalarynyň daşary ýurt bazarlaryna çykmagynyň çaltlaşmagynyň hasabyna üpjün edildi.
Birža maýa goýum gaznalary açyk görnüşli gaznalar bolup, olar gazna biržalarynda dolanyşykda bolýar we belli indeksleri ýa-da esasy aktiwleri yzarlap görkezýär.
2025-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä, Şanhaý gazna biržasynda we Şençžen gazna biržasynda jemi 1 381 ETF hasaba alyndy. Bu görkeziji öňki ýyl bilen deňeşdirilende 35,7 göterim artdy. Şeýle-de, 2025-nji ýylyň dowamynda ETF-lere arassa maýa akymy 1,16 trillion ýuandan geçip, takmynan 168 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.
Önüm hataryndaky innowasiýalar iki biržada-da tizleşdi. Şanhaýda giň bazar indekslerini hem-de ýarymgeçirijiler, biotehnologiýa we öňdebaryjy önümçilik ýaly ýöriteleşdirilen segmentleri öz içine alýan giňişleýin ETF ulgamy döredildi.
Şençžende ösüş kompaniýalarynyň
dinamikasyny görkezýän ChiNext indeksiniň usulyýeti kämilleşdirildi, şeýle hem emeli aň, robototehnika we täze tehnologik ugurlar bilen baglanyşykly tematik ETF-ler işe girizildi.
China International Capital Corporation kompaniýasynyň baş strategik derňewçisi Li Sýusuo pudaklaýyn tematik ETF-leriň çalt ösüşiniň emeli aňyň we robototehnikanyň ösmegi bilen baglydygyny aýtdy; bu ugurlar Hytaýyň täze öndürijilik güýçleriniň esasy elementleri hökmünde görülýär.
Ol diwidend ETF-leriniň we erkin pul akymyna gönükdirilen gaznalaryň işjeň ösüşiniň maýadarlaryň has durnukly aktiw paýlaşdyryş strategiýalaryna hem-de öňünden çaklanyp bolýan girdeji çeşmelerine ymtylýandygyny görkezýändigini nygtady.
Şol bir wagtda hytaý ETF-leriniň halkara derejesindäki gatnaşygynyň gerimi giňeýär. 2025-nji ýylda ChiNext gaznalary Stock Connect guraly arkaly Singapur we Braziliýa biržalaryna çykaryldy, bu bolsa ösüş paýnamalary boýunça serhetara söwda ulgamyny döretmäge mümkinçilik berdi.
Mundan başga-da, Şençžen bilen Taýlandyň arasynda ETF depozitar kwitansiýalary boýunça taslama içerki gaznalaryň gaýtadan listing etmezden daşary ýurt bazarlaryna çykmagy üçin täze ýol açdy.
Ping An Securities kompaniýasynyň Pekin şahamçasynyň maýa goýum geňeşçilik bölüminiň direktory Go Haýhuanyň sözlerine görä, ETF-ler uzak möhletli institusional maýadarlar, şol sanda pensiýa gaznalary we ätiýaçlandyryş kompaniýalary tarapyndan barha giňden ulanylýar. Bu bolsa bahalaryň emele gelşiniň netijeliligini we bazaryň umumy durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Ol pensiýa ulgamynyň ösüşi we uzak möhletli maýanyň artmagy bilen ETF-leriň hakyky ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakda hem-de maýa bazaryny mundan beýläk-de açmakda barha möhüm orun tutjakdygyny aýtdy.







