Hytaýda ýazky syýahat möwsüminiň iň ýokary döwrüniň 12-nji gününde takmynan 285 million syýahat edilmegine garaşylýar

Fewral 14, 2026 | 18:11 |52
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý Täze ýyl baýramynyň bellenilýän döwürde ýurtda ýolagçy akymynyň artmagy dowam edýär. Hytaýyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýazky syýahat möwsüminiň 12-nji gününde ýurt boýunça şäherara ýolagçy gatnawlarynyň sany takmynan 285,59 milliona barabar bolar diýlip çaklanylýar. Bu görkeziji öňki gün bilen deňeşdirilende 4,9 göterim köp bolup, 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 4,5 göterim ýokarydyr.

Demir ýol ulaglary arkaly takmynan 15,1 million syýahatyň amala aşyrylmagyna garaşylýar. Bu görkeziji öňki güne garanyňda birneme ýokary bolsa-da, geçen ýylyň derejesinden pesdir.

Emma esasy agram adaty awtomobil ulaglaryna düşýär. Bu ugur boýunça syýahatlaryň sany 267,11 milliona ýetip, günlük hem-de ýyllyk görkeziji boýunça durnukly ösüşi görkezýär.

Suw ýollary arkaly ýolagçy gatnawlarynyň möçberi, 923 müň syýahata ýetdi. Bu görkeziji hem oňyn ösüşi alamatlandyrýar.

Howa ulaglary arkaly gatnawlaryň möçberi takmynan 2,46 million ýolagçynyň derejesine ýeter diýip çak edilýär. Bu görkeziji bolsa ortaça ýyllyk ösüşde durnuklyly üpjin eder.

Şeýlelikde, baýramçylyk döwründe ilatyň ýokary derejede hereketliligini üpjün etmek maksady bilen ýurduň ulag ulgamy güýçlendirilen tertipde işleýär.

Beýleki habarlar