Ýanszy derýasyndaky “Sebetli parom” oba ýaşulularyna goldawyň nyşanyna öwrüldi

Hytaýyň günorta-günbataryndaky Çunsin şäherinde Ýanszy derýasynyň boýunda ýerli ýaşaýjylaryň “Sebetli parom” diýip atlandyrýan gämi häzir hem gatnawyny dowam etdirýär. Köp ýyllaryň dowamynda ol Ýandu obasynyň ekerançylary üçin durmuş ähmiýetli möhüm ulag ugruna öwrülip, olara täze önümlerini Çžunsýanyň etrap merkeziniň bazaryna ýetirmäge kömek edýär.
Daňdan derýanyň üstündäki asudalygy uzaga çekýän ses bozýar. Parom iki sagatlyk ýola çykyp, ýedi duralgada saklanýar. Onuň ýolagçylary esasan öz eli bilen ösdürip ýetişdiren gök-bakja önümlerini satmaga alyp barýan ýaşuly daýhanlardyr. Olaryň köpüsi üçin bu ýol diňe bir bazara ýol bolman, eýsem ýaşlaryň uly şäherlere işlemäge gitýän döwründe daşarky dünýä bilen arabaglanyşykdyr.
Gäminiň içinde takmynan 140 adamlyk agaçdan oturgyçlar ýerleşdirilen. Bu ýerde diňe adamlar däl, eýsem hasylly agyr sebetler, käte bolsa öý haýwanlary hem daşalýar. Ýol infrastrukturasynyň ösmegine garamazdan, parom oba ýaşaýjylary üçin amatly we elýeterli ulag serişdesi bolmagynda galýar.
2016-njy ýylda awtomagistral açylandan soň ýolagçy sany birden azaldy we gämi gatnawy ýapylmak howpuna duçar boldy. Emma ýagdaý 2022-nji ýylda kapitanyň ogly paromyň we onuň ýolagçylarynyň gündelik durmuşy barada wideolary internetde paýlaşyp başlandan soň üýtgedi. Bu ýürekden taýýarlanan wideolar gysga wagtda millionlarça ulanyjynyň ünsüni çekdi.
Tomaşaçylaryň goldawy parom gatnawyny saklap galdy. Haýyr-sahawatyň netijesinde daýhanlar mugt ertirlik — tüwi şorjasy we bugda bişirilen kökeler bilen garşy alyp başladylar. Käbir haýyr-sahawatçylar ýaşulularyň mugt gatnamaklary üçin petekleriň çykdajysyny öz üstüne alýarlar. Ähli çykdajylar göni ýaýlymlarda görkezilip, bu ýagdaý ynamy artdyrýar we täze kömekçileri çekýär.
Duraga baranda daýhanlary agyr sebetleri söwda hatarlaryna çenli daşamaga kömek edýän meýletinçiler garşy alýar. Ýerli häkimiýetler gämi duralgasynyň ýanynda ýörite söwda meýdançasyny gurnap, ýaşulularyň esasy bazara çenli uzak ýol geçmek zerurlygyny aradan aýyrdylar.
Onlaýn-ýaýlymlar wagtynda ýurduň dürli ýerlerinden tomaşaçylar oba önümlerini sargyt edýärler. Köplenç alyjylar gök önümleriň özünden has-da daýhanlary goldamak maksady bilen sargyt edýär. Satylman galan önümler doly bahasy boýunça satyn alnyp, kiçi haýyr-sahawat naharhanalaryna ugradylýar. Ol ýerde bolsa oba ýaşaýjylary üçin nahar taýýarlanylýar.
Wagtyň geçmegi bilen paromyň töwereginde özara kömek jemgyýeti emele geldi. Meýletinçiler yzygiderli etraba gelip, ýaşululara ýardam berýärler. Ýerli polisiýa işgärleri köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygy üpjün edip, ýükleri daşamaga kömek edýärler. Goldaw ýurduň ähli künjeginden — onlaýn ulanyjylardan başlap, ýönekeý syýahatçylara çenli gelip gowuşýar.
Köne gämi ýakyn wagtda ulanyşdan aýrylar. Ýerli häkimiýetleriň goldawy bilen onuň ornuny giň, durnuklylygy gowulandyrylan we howa sowadyş ulgamy bolan täze döwrebap gämi eýelär. Bu ýolagçylaryň amatlylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrar diýlip garaşylýar.
“Sebetli paromyň” taryhy adaty ulag serişdesiniň jemgyýetçilik agzybirliginiň nyşanyna öwrülip bilýändigini görkezýär. Ol diňe ter gök we bakja önümleri däl, eýsem derýanyň iki kenaryny birleşdirýän aladany hem daşamagyny dowam etdirýär.
Ýaşuly daýhanlar üçin her ir bilen duralgada başlaýan gün diňe söwda güni däl, eýsem olaryň zähmetiniň gadyr edilýändiginiň we ýüzlerçe kilometr uzaklykda bolan adamlardan hem goldawyň gelip bilýändiginiň subutnamasydyr.







