Hytaýyň wise-premýeri hytaý dilini öwrenmekde innowasion usullary ulanmaklyga çagyrýar

Pekinde anna güni geçirilen 2025-nji ýylyň Bütindünýä Hytaý Dili Maslahatynyň açylyş dabarasynda çykyş eden Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Ding Suesian halkara derejesinde hytaý dilini öwrenmekde has giň gerimli innowasiýalaryň we açyklygyň zerurdygyny belledi.
Wise-premýer Ding, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň halkara derejesinde hytaý diline aýratyn ähmiýet berýändigini bellemek bilen, dowam edip gelýän däp-dessurlara eýerip, innowasiýalara ýol açmak, özara gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýä dilleriniň, medeniýetleriniň we halklarynyň arasyndaky aragatnaşyklary berkitmek we ylalaşygyny gazanmak, şeýle hem medeni alyş-çalşa itergi bermek babatynda tagallalary güýçlendirmegi nygtady.
Ding, soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda alnyp barlan bilelikdäki işleriň netijesinde halkara hytaý dili bilimi ulgamynyň uly üstünlikleri gazanandygyny, dünýäde hytaý dilini öwrenmäge bolan islegiň barha artýandygyny aýtdy.
Wise-premýeriň bellemegine görä, indiki bäş ýylyň dowamynda Hytaýyň pajarlap ösmegi dünýäniň beýleki ýurtlaryna hem köp mümkinçilikleri döreder, munuň netijesinde bolsa hytaý dilini hem-de Hytaý medeniýetini öwrenmäge bolan höwes hem artar.
Hytaý diliniň döräp, kemala gelen mekany hökmünde, Hytaý döwleti hytaý dilini öwrenmekde zerur şertleri döredip, onuň mundan beýläk hem giňden ösmegine goldaw berer.
Ding halkara hytaý diliniň ösüşini batlandyrmak maksady bilen dört ugruň üstünde durup geçdi:
1. Sanly hytaý dili serişdeleriniň döredilip, ulanylmaga berilmeginde, okatmagyň has netijeli we elýeterli bolmagyny üpjün etmekde innowasiýa - esasy itergi beriji güýç bolmalydyr.
2. Halkara derejesinde hytaý dili bilimini orta hünär maksatlaýyn bilim bilen sazlaşykly utgaşdyryp, öwrenijileriň amaly dil başarnyklaryny ýokarlandyrmak bilen bagly hyzmatlary güýçlendirmelidir.
3. Dostlukly aragatnaşyklary pugtalandyrmaly.
Hytaý dilini öwrenýänlere Hytaýda okamak üçin has giň mümkinçilikler döredip, hytaý halky bilen dünýäniň beýleki halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine uly üns bermeli.
4. Hytaý dili bilen dünýäniň beýleki dilleriniň arasynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlyklary giňeldip, medeniýetleriň sazlaşykly ösmegini we parahatçylykly ýaşamagyny öňe sürmek bilen açyklyk we özara alyş-çalyş ýörelgelerine ygrarly bolmalydyr.
Çäräniň açylyşynyň öňüsyrasynda wise-premýer Ding, bu maslahatyň çäginde gurnalan sergi zalyna hem baryp gördi.
“Innowasiýa öňde tutulýar, Emeli Aň mümkinçilik döredýär: Hytaý dilini päsgelçiliksiz öwrenmek” şygary bilen geçirilýän bu üç günlük çärä 2000-e golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda döwlet işgärleri, uniwersitetleriň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri hem bardyr.







