Täze ýyl mynasybetli dynç alyş günlerinde serhetüsti syýahatlaryň rekord derejesi çaklanylýar

Fewral 13, 2026 | 21:28 |51
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda Bahar baýramy mynasybetli dokuz günlük dynç alyş döwründe serhetüsti syýahatlaryň rekord derejä ýetmegine garaşylýar. Bu barada Hytaýyň Milli immigrasiýa müdirligi habar berdi.

Edaranyň çaklamasyna görä, ýurduň serhet geçelgelerinden her gün ortaça giriş-çykyşlaryň sany 2 million 50 müň adamdan geçer. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende takmynan 14 göterim ýokarydyr.

Daşary ýurda gidýänleriň iň köp akymy 15-nji fewralda — resmi dynç alyşyň birinji gününde garaşylýar. Şol gün köp maşgalalar syýahatçylyk gezelençlerine ugraýar. Öz gezeginde, ýurda girişleriň iň ýokary derejesi 22-nji we 23-nji fewralda — baýramçylygyň soňky günlerinde, syýahatçylaryň öýlerine dolanýan döwründe çaklanylýar.

Müdirlikde bellenilişi ýaly, has köp gatnawly günlerde serhet gözegçiligi gulluklary bilen ulag edaralarynyň arasynda utgaşyk güýçlendiriler. Ýolagçy akymyny kadalaşdyrmak we geçelgeleriň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin goşmaça çäreler görülmegi meýilleşdirilýär.

Häkimiýetler howpsuzlyga we resminamalaryň netijeli resmileşdirilmegine, şeýle hem howa menzilleriniň, deňiz portlarynyň we ýerüsti geçelgeleriň bökdençsiz işlemegine aýratyn üns berilýändigini nygtaýarlar.

Bahar baýramy, şeýle hem Hytaý Täze ýyly diýlip atlandyrylýan baýram, şu ýyl 17-nji fewrala gabat gelýär. Bu ýurt boýunça has möhüm däp bolan baýramlaryň biridir we maşgalalaryň duşuşýan hem-de Hytaýyň içinde we onuň daşynda işjeň syýahat edilýän döwrüdir.

Serhetüsti hereketliligiň garaşylýan ösüşi syýahatçylyk işjeňliginiň kem-kemden dikeldilýändigini hem-de halkara gatnaşyklarynyň giňelýändigini görkezýär.

Beýleki habarlar