Hytaý pawilýony “World Health Expo Dubai 2026” sergisinde uly gyzyklanma döretdi

Fewral 13, 2026 | 21:25 |50
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň lukmançylyk enjamlaryny öndürijileri we öňdebaryjy klinikalary Dubaý şäherinde geçirilen “World Health Expo Dubai 2026” halkara sergisinde häzirki zaman işläp taýýarlamalaryny hödürlediler. Hytaý pawilýony forumyň iň köp baryp görülen meýdançalarynyň birine öwrüldi.

Çärä 180-den gowrak ýurtdan we sebitden 4 müň 300-den hem köp eksponentler gatnaşdy. Onda anyklaýyş ulgamlary, ýokary tehnologiýaly enjamlar we täze nesil kliniki çözgütler görkezildi.

Hytaýyň lukmançylyk enjamlary assosasiýasynyň maglumatlaryna görä, soňky on ýylda hytaý kompaniýalarynyň önümleri hili we bäsdeşlige ukyply bahasy sebäpli Ýakyn Gündogaryň bazarlarynda durnukly orun eýeledi. Geçen ýyl sebitiň 16 ýurduna eksport edilen lukmançylyk enjamlarynyň möçberi 2,2 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu görkeziji öňki döwür bilen deňeşdirilende takmynan 10 göterim ýokarydyr.

Tehnika bilen bir hatarda, hytaý lukmançylyk edaralary “akylly” hassahanalar boýunça çözgütleri hem hödürlediler. Olar telelukmançylyk we robotlaşdyrylan tehnologiýalary öz içine alýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle gurallar lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi giňeltmäge we bejerişiň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Sergä gatnaşyjylar halkara pudaklaýyn meýdançalaryň hünär alyş-çalyşy we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigini nygtadylar.

Beýleki habarlar