«Mençžou» kosmos gämisiniň gaýtarylyş kapsulasyny gözlemek boýunça amaly üstünlikli tamamlandy

Fewral 12, 2026 | 20:35 |50
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý täze nesil «Mençžou» kosmos gämisiniň gaýtarylyş kapsulasyny gözlemek we çykarmak amalyny üstünlikli tamamlady. Işler çarşenbe güni Haýnan welaýatynyň Wençan kosmodromynda geçirildi. Bu barada Hytaýyň Uçarmanly kosmos uçuşlary maksatnamasynyň müdirligi habar berdi.

Uçarmanly missiýalar üçin niýetlenen «Mençžou» gämisi iň ýokary dinamiki basyş şertlerinde uçuşy gyssagly togtatmak ulgamynyň synagyndan üstünlikli geçdi we deňze howpsuz gonuş etdi. Synag «Çançžen-10» raketa göterijisiniň pes beýiklikdäki görkezme uçuşynyň çäklerinde geçirildi.

Pekin wagty bilen sagat 12:20-de deňiz gözleg-halas ediş topary kapsulany çykarmak işini tamamlady. Edaranyň maglumatlaryna görä, üstünlikli amal orbital stansiýany mundan beýläk ulanmak hem-de Aýa uçarmanly gonuş maksatnamasyny amala aşyrmak üçin möhüm tejribe berdi.

«Mençžou» gämisi esasan Hytaýyň Aýa missiýalary üçin işlenip taýýarlanyldy, emma ol orbital stansiýada işlemek üçin hem ulanylyp bilner. Onuň gaýtarylyş kapsulasy birnäçe gezek ulanmaga niýetlenendir.


Beýleki habarlar