CMG-niň Bahar baýramy mynasybetli onlaýn gala-konserti Hytaý sungatynyň köpdürlüligini görkezdi

2026-njy ýylyň Bahar baýramyna bagyşlanan Hytaý media toparynyň onlaýn gala-konserti tomaşaçylara däp bolan we häzirki zaman sungatynyň täsirli utgaşygyny hödürledi. Göni ýaýlym sişenbe güni agşam berildi.
Şou Pekin wagty bilen sagat 20:00-da CCTV-1, CCTV-3 teleýaýlymlarynda we CMG-niň sanly platformalarynda ýaýlyma berildi. Maksatnamada tans we aýdym-sazly çykyşlary, şeýle hem pop-medeniýeti bilen däp bolan hytaý sungatynyň elementlerini birleşdirýän sahna çykyşlary görkezildi. Wizual öwüşgini güýçlendirmek üçin emeli aň, wirtual hakykat we 3D grafika tehnologiýalary ulanyldy.
Maksatnamanyň aýratyn bölümleri hytaý sahna sungatynyň nusgawy görnüşlerine — nikap çalşygy we “Nuo” operasyna bagyşlandy. Olar häzirki zaman köçe tanslary bilen utgaşdyrylyp, döwrüň we görnüşleriň täsirli garşylygyny döretdi. Gala-konsertiň başga bir bölüminde tomaşaçylara gadymy hytaý kalligrafiýasy we däp bolan şekillendiriş sungaty görkezildi.
Merkezi çykyşlaryň biri Çžaolin mawzoleýinde ýerleşýän, atlaryň şekili bilen bagly alty sany daş relýef — “Çžaolin Lýuszýun” eserlerinden ylhamlanan tansly çykyş boldy. Bu eserler şekilleriň hakykata ýakynlygy we oýup nagyş salmakda ýokary ussatlygyn sebäpli hytaý heýkeltaraşlygynyň taryhynda aýratyn orun eýeleýär.
Her ýyl geçirilýän onlaýn gala-konserti 2011-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär we esasan hem ýaşlaryň arasynda durnukly baýramçylyk däbine öwrüldi.
Göni ýaýlym Sýaonýan — “Kiçi Täze ýyl”, ýagny Aşhana hudaýynyň baýramy diýlip hem atlandyrylýan günde geçirildi. Bu baýram Hytaý Täze ýylynyň ýetip gelýändiginiň başlangyjyny alamatlandyrýar. Bu ýyl Hytaý Täze ýyly 17-nji fewrala gabat gelýär.
Ýakynlaşýan Bahar baýramy hytaý senenamasynyň on iki ýyllyk aýlawyndaky ýedinji haýwan bolan At ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrar.







