Si Szinpin Pekindäki Lunfusi söwda etrabyna baryp, ähli hytaý halkyny Bahar baýramy bilen gutlady

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin sişenbe güni Pekiniň Dunçen etrabynda ýerleşýän täzeden dikeldilen Lunfusi söwda sebitine baryp, ähli hytaý halkyny Bahar baýramy bilen gutlady.
Si Szinpin Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary we Merkezi Harby Geňeşiň başlygy hökmünde, duşenbe gününden sişenbe gününe çenli Hytaýyň paýtagty boýunça barlag saparyny amala aşyrdy.
Sişenbe güni Lunfusi söwda sebitine gelen Si Szinpin şäheri täzelemek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Ol milli “Daoxiangcun” çörek we konditer önümleri dükanyna baryp, önümleriň taýýarlanyşyna syn etdi.
Bahar bazarynda bolsa baýramçylyk harytlaryny satýan dürli dükanlara baryp, adamlar bilen söhbetdeş boldy hem-de ýaşlyk döwründe bu sebite eden saparlary baradaky ýatlamalary bilen paýlaşdy. Şeýle hem ol käbir tagamly önümleri we medeniýet bilen baglanyşykly harytlary satyn aldy.
Si Szinpin baýramçylyk günlerindäki janly, şatlykly ýagdaýy we baýramçylyk harytlarynyň giň görnüşini görüp, örän hoşaldygyny aýtdy.
Si Szinpin Bahar baýramynyň halk üçin möhüm waka bolup durýandygyny belläp, ähli derejedäki ýolbaşçylary adamlaryň abadançylygyny üpjün etmek we zähmet howpsuzlygyny güýçlendirmek üçin ähli tagallalary etmäge çagyrdy, şeýlelik bilen her bir adamyň şatlykly Hytaý Täze ýylyndan lezzet alyp bilmegini üpjün etmelidigini aýtdy.
Si Szinpin ähli hytaý halkyna berk jan saglyk, işlerinde üstünlikler we maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Şeýle hem ol ýurduna Ýylky ýylynda parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.







