Dünýä nebit bazary umumy ösüşi görkezýär

Nebiti Eksport Edýän Ýurtlaryň Guramasynyň (ýagny OPEC guramasynyň) soňky aýdaky nebit bazarynyň ýagdaýy barada çarşenbe güni çap eden hasabatynda dünýä bazarynda nebitiň gytçylygyndan nebitiň bolçulygyna geçilendigi aýdylýar.
Hasabata görä, OPEC guramasyna agza ýurtlarynyň we OPEC guramasyna girmeýän esasy nebit öndüriji ýurtlarynyň bir günki nebit önümçiligi oktýabr aýynda 43,02 million barrele ýetdi, bu sentýabr aýy bilen deňeşdireniňde 73,000 barrel azdyr.
Şeýle-de bu hasabatda, öň dünýä nebit bazarynda günde 400,000 barrel ýetmezçilik eden bolsa, indi, ABŞ-nyň nebit önümçiliginiň garaşylandan ýokary ösüşde bolanlygy sebäpli, günde hödürlenýän nebitiň möçberi 500,000 barrel artyk gelýär diýlip, bellenýär.
Halkara Energiýa Agentligi dünýä nebit gorlarynyň geljek döwürde hem artjakdygyny we 2026-njy ýylda günde 4 million barrele çenli artykmaç öndürilmeginiň mümkindigini çaklaýar. Halkara Energiýa Agentliginiň aýtmagyna görä, bu orta we uzak möhletli geljekde nebit bahalarynyň ep-esli aşaklamagyna eltip biler.







