Si Szinpin Pekine amala aşyran barlag saparynyň dowamynda eltip berijileriň yhlasly zähmetine ýokary baha berdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy, şeýle hem Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin sişenbe güni Pekindäki garrylar üçin jemgyýetçilik naharhanasyna baryp görende, eltip berijileriň (kuryerleriň) yhlasly zähmetine we olaryň goşandyna ýokary baha berdi.
Iki günlük barlag saparyny amala aşyran Si Szinpin naharhanada dynç alýan üç kuryer bilen söhbetdeş bolup, olaryň işi we durmuş ýagdaýy bilen gyzyklandy.
«Şäher siziň ýaly işgärsiz işläp bilmezdi. Siziň zähmetiňiz sansyz maşgalalaryň isleglerini kanagatlandyrýar», — diýip, Si Szinpin olaryň mynasyp durmuşda ýaşap, işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.
Si Szinpin ähli derejedäki partiýa komitetlerini we hökümet edaralaryny täze iş görnüşlerinde zähmet çekýän işgärler barada alada etmäge hem-de olaryň işini, gündelik durmuşyny we okuwyny goldamak üçin ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmäge çagyrdy.







