Çžeszýan welaýatynda Bahar baýramy mynasybetli ýagty saçýan dronlar we reňkli çyrajyklar tomaşaçylary haýran galdyrýar

Şenbe güni agşamy Hytaýyň gündogaryndaky Çžeszýan welaýatynyň Pinhu şäherinde ýagty saçýan dronlar gijeki asmany özboluşly görnüşe getirdi, yzky fondaky reňkli çyrajyklar bolsa ýagtylyk saçyp, gadymy şäheriň Bahar baýramyny belleýändigini äşgär etdi.
Ýylky ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan ajaýyp ýagtylyk şowhuny, şäheriň Dunhu kölüniň ýanyndaky meýdanda sagat 18:30 töweregi açyldy. 700 dron howa galyp, sinhron hereket edip, gijäniň gök ýüzünde ýagty şekiller döretdi.
Dronlar dürli şekillere düzülip, Pinhu şäheriniň taryhy ýerlerini we medeni özboluşlylyklaryny, Bahar baýramynyň we Hytaýyň milli medeni nyşanlaryny şekillendirdiler hem-de häzirki zaman tehnologiýalary bilen däp-dessurlaryň owadan utgaşygyny görkezdiler.
“Men bu dron şowhunyny görenimden soň Hytaýyň häzirki wagtda tehnologiýada hakykatdanam öňe gidendigine düşündim. Häzirki wagtda dron şowhunlary adaty feýerwerkleriň ýerini çalşyp, biziň üçin Hytaý Täze ýyl baýramyny bellemegiň täze tejribesini berýär,” — diýip, şähere gelen syýahatçy aýtdy.
Dron şowhunyndan soň, bir wagtda 45 uly çyralar ýakylyp, olar milli medeniýetiň we baýramçylyk dabaralarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler. Ýagtylyk installýasiýalary kölüň daşynda dört tematik ugrunda ýerleşdirildi we 72 000 inedördül metr meýdany eýeledi.
“Bu biz, Pinhu ýaşaýjylary üçin gaty täsirli. Men bu çyrajyklardan gaty hoşal boldum. Bu ýagtylyk şowhuny medeni taýdan örän baý, köp sanly at temaly installýasiýalar bar,” — diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.
Ýagtylyk şowhunynyň açylyş gününde däp-dessurlary şöhlelendirýän çykyşlar hem görkezildi, meselem, däp bolan ýolbars tanslary we akrobatik hereketler. Baýramçylyklaryň çäginde 20 töweregi şeýle çykyşlar sagat 17:30-da her gün guralar.
Ýagtylyk şowhuny 22-nji marta çenli dowam eder.
2026-njy ýylyň Bahar baýramy 17-nji fewralda geçirilýär we Ýylky ýylynyň başlamagyny alamatlandyrýar, bu bolsa Hytaýyň 12 ýyllyk täleýnamasynyň ýedinji jandaryna gabat gelýär.







