Şanhaýdaky mata bazary daşary ýurtly syýahatçylar üçin sargyt boýunça egin-eşik tikýän merkezine öwrüldi

Fewral 09, 2026 | 19:59 |82
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Şanhaýyň Günorta Bunda kenarýakasynda ýerleşýän ýumşak matalar bazary daşary ýurtly syýahatçylaryň arasynda sargyt boýunça egin-eşik tikdirilýän iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Gyzyklanmanyň artmagy Hytaýa girmegiň düzgünleriniň daşary ýurtly myhmanlar üçin yzygiderli ýeňilleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Bazardan 200-den gowrak dükan işleýär. Daşary ýurtly syýahatçylar bu ýerdäki hyzmatyň derejesine we önümleriň hiline ýokary baha berýärler. “TripAdvisor” onlaýn platformasynyň ulanyjylarynyň baha bermegine görä, bu bazar meşhur Bund kenarýakasynyň özünden soň Şanhaýyň ikinji esasy gözel ýerleriniň biri hökmünde ykrar edildi.

Bu ýere gelenlere aýratyn ölçeg boýunça kostýum tikdirmek hyzmatlary hödürlenýär. Bu bolsa sargydy gelşi bilen berip, taýýar önümi sapardan gaýtmazdan öň alyp gitmäge mümkinçilik berýär. Dürli ýurtlardan gelen syýahatçylar bu bazary ýokary hilli sargyt egin-eşigini gözleýänler üçin hakyky jennet diýip atlandyrýarlar.

Daşary ýurtly müşderileriň biri bu ýerde bahalaryň arzan, hilliň bolsa örän ýokarydygyny belledi. Beýleki biri Ýewropada şuňa meňzeş kostýumlaryň has gymmatdygyny aýtdy. Şweýsariýaly müşderi bolsa bu däbi hytaýlylaryň Şweýsariýa şokolad almaga gitmegi bilen deňeşdirip, şweýsariýalylaryň özleriniň bolsa ýokary hilli kostýumlar üçin Şanhaýa gelýändigini belledi.

Bazarda dil päsgelçiligi ýok diýen ýaly. Tikimçileriň hemmesi diýen ýaly iňlisçe gürleýär, köpüsi bolsa birnäçe daşary ýurt dillerini bilýär. Satyjy Linda Şi müşderiler bilen has gowy aragatnaşyk saklamak üçin ýedi dili öwrenendigini aýdyp, mysal üçin nemes dilini bilmegiň nemes alyjylarynyň ünsüni aňsatlyk bilen çekýändigini düşündirdi.

Hytaýyň wiza syýasatyň ýeňilleşdirilmegi bilen, daşary ýurtly myhmanlaryň akymy has-da artdy. Müşderileriň biri ýurt boýunça üç hepde syýahat edendigini, Şanhaýyň bolsa onuň soňky duralgasy bolandygyny aýtdy. Beýleki biri bolsa adaty materiallardan tikilýän kostýumyň bir hepdeden hem az wagtda taýýarlanýandygyny, şonuň üçin sargydy gitmezden öň alyp bolýandygyny belledi.

Bazardaky üç dükanyň eýesi Sýu Çenfan ölçegleri alandan soň maglumatlary göni öz fabrigine iberýär we önümçilik işine derrew girişilýär. Akylly biçimi taýýarlamak we matany kesmek ulgamlarynyň kömegi bilen her bir kostýum bary-ýogy üç-bäş günüň dowamynda tikilýär. Onuň sözlerine görä, maşynlaryň ulanylmagy hiliň birmeňzeş bolmagyny üpjün edýär, sebäbi bir tikimçiniň el zähmeti dürli netijeleri berip biler.

Sýu 2010-njy ýylda bazarda işläp başlady, islegiň artmagy bilen 2014-nji ýylda öz fabrigini açdy. Günorta Bund bazary ýigrimi ýyldan gowrak taryhynyň dowamynda hemişelik daşary ýurtly müşderileriň giň toparyny kemala getirdi, olaryň köpüsi bu ýere gaýta-gaýtadan gelýärler.

Kostýumlar hytaý milli egin-eşikleriniň hataryna girmeýän hem bolsa, hytaý tikimçileriniň müşderileriň isleglerine tiz uýgunlaşyp bilmegi we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy bazaryň dünýädäki müşderileri üçin özüne çekijiligini saklamaga hem-de hytaý aýratyn tikimçiliginiň dünýä boýunça ýaýramagyna mümkinçilik berdi.

Beýleki habarlar