Hytaý gyssagly aragatnaşyk üçin “BeiDou” arkaly gysga habarlar hemra hyzmatyny işe girizdi

Fewral 09, 2026 | 19:56 |84
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý ýerüsti mobil aragatnaşyk ulgamlary elýeterli bolmadyk adatdan daşary ýagdaýlarda ygtybarly aragatnaşygy üpjün etmek maksady bilen, “BeiDou” (BDS) nawigasiýa ulgamynyň esasynda täze hemra arkaly gysga habar alyş-çalyş hyzmatyny ulanyşa girizdi.

Hyzmat “BeiDou” milli operatory — “China Space-Time Information Co., Ltd.” kompaniýasy tarapyndan ýurduň öňdebaryjy telekommunikasiýa operatorlary bilen hyzmatdaşlykda hödürlendi.

Täze hyzmat ýerüsti aragatnaşyk ulgamlaryna möhüm goşundy hökmünde garalýar we elýeterligi kyn sebitlere syýahat etmekde, deňizde iş alyp barmakda, tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aradan aýyrmakda hem-de adatdan daşary gulluklaryň işini utgaşdyrmakda ulanyjylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ulgam laýyk gelýän smartfonlaryň eýelerine öýjükli aragatnaşygyň bolmadyk ýerlerinde “BeiDou” hemralary arkaly göni tekst habarlaryny ibermäge we almaga mümkinçilik berýär. Bu hyzmat Hytaýyň iň iri üç aragatnaşyk operatory — “China Mobile”, “China Telecom” hem-de “China Unicom” tarapyndan eýýäm ornaşdyryldy we SIM-kartany ýa-da telefon belgisini çalyşmagy talap etmeýär.

Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda bu mümkinçilik Hytaýyň öňdebaryjy brendleriniň takmynan 60-a golaý smartfon modelinde goldanylýar.

Beýleki habarlar