Edilýän gözegçilik Hytaýyň günorta-günbatarynda ýabany pilleri goramaga we olaryň adamlar bilen bilelikde ýaşamagyny üpjün etmäge kömek edýär

Hytaýyň günorta-günbatarýndaky Ýunnan welaýatynyň tropiki tokaýlarynda ýörite gözegçi toparlary ýabany aziýa pilleriniň populýasiýasyna gözegçilik edip, adam bilen ýabany tebigatyň howpsuz we parahat bilelikde ýaşamagyny üpjün edýärler.
Szýançen sebitinde tutuş ýylyň dowamynda 50-den gowrak ýabany aziýa pilleri ýaşaýar. Gyş paslynyň gelmegi bilen tebigy iýmit çeşmeleriniň azalmagy haýwanlaryň iýmit gözläp obalara ýygy-ýygydan girmegine sebäp bolýar.
Hytaý Täze ýylynyň ýa-da Bahar baýramynyň öňüsyrasynda, adamlaryň we ulaglaryň köpelen döwürde, pil gözegçileri tokaý ýangynlaryna garşy gulluklar bilen bilelikde gözegçiligi we irki duýduryş çärelerini güýçlendirdiler.
Sebitiň gözegçilik toparynyň ýolbaşçysy 50 ýaşly Szýançen Dýao Fasin kärdeşleri bilen bilelikde takmynan müň inedördül kilometr meýdanda onlarça piliň hereketini hakyky wagt tertibinde yzarlap durýar. Süriniň tapylan halatynda maglumatlar dessine ýerli ýaşaýjylara ýetirilýär. Gözegçilikde haýwanlaryň ýerleşýän ýerini tiz kesgitlemäge mümkinçilik berýän dronlar giňden ulanylýar.
Dýaonyň aýtmagyna görä, ýakynda bolup geçen ýagdaýlaryň birinde dron 10-dan az bolmadyk pili, şol sanda birnäçe piliň çagasyny hem bellige aldy. Iň kiçi pil çagasynyň ýaşy iki aýa golaýdy.
Ilata habar bermekden başga-da, gözegçiler ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň adyndan piller tarapyndan ýetirilen zyýany bahalandyrýarlar. 2010-njy ýylda Ýunnanda ýabany haýwanlar bilen baglanyşykly hadysalar boýunça dolulygyna döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän jogapkärçilik ätiýaçlandyryş ulgamy girizildi. Tölegler öý hojalyklaryna, ekin meýdanlaryna we azyk önümlerine ýetirilen zyýanyň öwezini dolýar.
Ýerli ýaşaýjylar bu ulgamyň gapma-garşylyklary azaltmaga we piller barada oňyn garaýşy kemala getirmäge ýardam berýändigini belleýärler. Olaryň sözlerine görä, haýwanlaryň hereketi baradaky yzygiderli täzelenýän maglumatlar howply ýerlerden öňünden gaça durmaga mümkinçilik berýär.
2022-nji ýylda Ýunnan welaýaty Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşine Aziýa pilleri üçin Milli seýilgähi döretmek barada ýüz tutdy. Bu seýilgäh Sişuanbanna, Puer we Linçan sebitlerini öz içine alar. Taslamalaşdyrylan seýilgähiň umumy meýdany 38 müň 600 gektardan geçýär.
Seýilgähi döretmek boýunça taýýarlyk işleri milli meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar. 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje giren Hytaý Halk Respublikasynyň Milli seýilgähler hakyndaky kanuny taslamany durmuşa geçirmek üçin hukuk binýadyny üpjün eder. Ol ýaşaýyş gurşawynyň, ekologiýanyň dikeldilmegini, aň-bilim işlerini we adam bilen ýabany tebigatyň arasyndaky gapma-garşylyklary azaltmak çärelerini göz öňünde tutýar.
Taslama gatnaşyjylarynyň aýtmagyna görä, milli seýilgähiň döredilmegi piller üçin durnukly ýaşaýyş gurşawyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ekosyýahatçylygy ösdürmäge, sebitde durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermäge hem-de adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy berkitmäge mümkinçilik berer.







