Hytaý alymlary Parkinson keseliniň düýbünde duran neýron toruny ýüze çykardy
Fewral 08, 2026 | 20:26 |110

Parkinson keseli uzak wagtlap diňe hereket bilen baglanyşykly bozulma hökmünde garalýardy. Şeýle-de bolsa, häzirki zaman barlaglary onuň tebigatynyň has çylşyrymlydygyny görkezýär. Hytaý alymlary keseliň çuň gurallaryna düşünmekde möhüm ädim ätdiler we hereketlere hem-de bütin bedeniň işine täsir edýän esasy neýron toruny ýüze çykardylar.
Hytaý alymlary Parkinson keseliniň düýbünde duran beýniniň esasy patologik neýron toruny tapdylar. Kliniki barlaglar bu tora gönüden-göni lukmançylyk taýdan täsir etmegiň durnukly oňyn netijeleri berýändigini görkezdi, bu bolsa keseli bejermek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Netijeler Pekindäki Çanpin barlaghanasynyň professory Lýu Heşeniň ýolbaşçylygyndaky ylmy topar tarapyndan alnyp, Nature žurnalynda çap edildi.
2025-nji ýyl üçin Hytaýda Parkinson keseli boýunça hasabatyna görä, ýurtda bu kesel bilen ýaşaýan adamlaryň sany bäş milliondan geçýär, bu bolsa dünýä boýunça hassalaryň umumy sanynyň takmynan bäşden iki bölegini düzýär. Parkinson keseli Alsgeýmer keselinden soň iň giň ýaýran ikinji neýrodegeneratiw kesel bolup, köp ýyllardan bäri ählumumy derejede çynlakaý mesele bolup galýar.
Uzak wagtlap bu kesel esasan titreme, hereketleriň haýallaşmagy we ýöreýişiň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýän hereket bozulmasy hökmünde kabul edilýärdi. Emma amaly ýagdaýda oňa uky bozulmalary, iýmit siňdiriş meseleleri we gan basyşynyň peselmegi ýaly hereket bilen baglanyşykly bolmadyk alamatlar hem goşulýar, bu bolsa bejergini kynlaşdyryp, hassalaryň durmuş derejesini peseldýär.
Soňky döwürde 800-den gowrak Parkinson keselli hassany öz içine alan barlag, keseliň beýniniň somato-kognitiw toruna, ýagny SCAN diýlip atlandyrylýan tora täsir edýändigini görkezdi. Bu tor beýni gabygynda ýerleşip, hereketleri dolandyrmaga jogap berýän esasy bölekleri, şol sanda adaty ýagdaýda bejerginiň esasy nyşany hasap edilýän bazal gangliýalary we talamusu birleşdirýär.
Barlagyň tapawutly tarapy Parkinson keselli hassalarda SCAN torunyň bu gurluşlar bilen arabaglanyşygynyň adatdan daşary güýçlenendiginiň ýüze çykarylmagydyr. Alymlar şeýle patologik baglanyşyga düşünmegiň möhüm ähmiýetini nygtadylar, sebäbi bu diňe hereket alamatlaryna däl-de, eýsem hereket bilen baglanyşykly bolmadyk alamatlara hem täsir edip, olaryň umumy sebäbini aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu we öňki barlaglaryň esasynda Lýu Heşeniň topary Galaxy Brain Scientific Inc. kompaniýasy bilen bilelikde beýni zynjyrlaryny stimulirleýän ýokary takyk enjamy işläp taýýarlady. Bu enjam täsir edilýän zolaklary millimetr takyklygynda kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Beýniň funksional gurluşynyň adamdan adama tapawutlanýandygyny göz öňünde tutup, täze tehnologiýa Parkinson keseli bilen zeperlenen sebitleri aýratynlykda we takyk tapmaga şert döredýär.
Galaxy Brain Scientific Inc. kompaniýasynyň baş direktory Den Weýiň aýtmagyna görä, öň adaty nawigasiýa usullarynda zerur zolagy tapmak üçin 15–30 minut gerek bolan bolsa, häzirki wagtda bu amal bir sekuntdan hem az wagt alýar.
Maksatlaýyn sebit anyklanylandan soň, stimulýator daşarky magnit meýdanyny döredýär, bu meýdan beýniň ýüzünde elektrik toklaryny induksiýa edýär we neýron öýjüklerini işjeňleşdirýär. Transkranial magnit stimulirleme diýlip atlandyrylýan bu usul beýniniň işini inwaziw däl ýol bilen gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Kliniki synaglar iki hepdelik bejergiden soň, SCAN toruna gönükdirilen täsir edilen toparda bejerginiň netijeliliginiň 55,5 göterime ýetendigini görkezdi. Goňşy beýni zolaklaryna stimulirleme edilen gözegçilik toparynda bolsa bu görkeziji 22,2 göterim boldy. Alnan maglumatlar şahsylaşdyrylan we inwaziw däl çemeleşmäniň netijeliligini kliniki taýdan tassyklady.
2025-nji ýyldan bäri täze enjam Hytaýyň Pekin, Henan, Guandun, Çžeszýan we Syçuan welaýatlarynda ýerleşýän bäş hassahanada ulanylýar. Beýni operasiýalarynyň bahasynyň 200 müň ýuana, ýagny takmynan 30 müň ABŞ dollaryna ýetýändigini göz öňünde tutsaň, transkranial magnit stimulirlemegiň bir tapgyrynyň bahasy 200 ýuandan hem azdyr.
Bejergi tapgyry iki-üç hepde dowam edýär we her alty aýdan gaýtalanyp bilinýär. Alymlaryň pikirine görä, uzak möhletli we gaýtalanýan bejergi keseliň ösüşini haýalladyp biler.
Bejergini alan ilkinji hassalaryň biri şol wagtda 61 ýaşyndaky Hu In boldy. 2018-nji ýylda diagnoz goýlandan soň onuň ýagdaýy çalt erbetleşipdi, emma ilkinji bejergi tapgyryndan soň ol özbaşdak ýöremäge başlady, onuň gürlemegi we ýuwutmagy hem ep-esli gowulandy.
Bejerginiň dowam etdirilmegi oňa işjeň durmuşa dolanmaga we öň mümkin däl ýaly görünýän meýilnamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.







