HHR-da köne awtoulaglary çalyşmak maksatnamasy boýunça täze awtoulaglaryň satuwy 53 milliard ýuandan geçdi
Fewral 08, 2026 | 20:24 |70

Söwda ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň 5-nji fewralyna çenli tutuş ýurt boýunça bu maksatnama gatnaşmak üçin 335 müň arza gelip gowuşdy. Bu bolsa 53,7 milliard ýuan ýa-da takmynan 7,7 milliard ABŞ dollaryndan gowrak söwdany üpjün etdi.
Ýanwar aýynda maksatnama esasynda satyn alnan täze awtoulaglaryň ortaça bahasy 160 müň ýuandan geçdi,bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr.
Şol bir wagtyň özünde, ýurt boýunça ulanyşdan galan 659 müň awtoulag ulanyşdan aýryldy — bu bolsa geçen ýylky görkezijiden 50 göterim köpdür.







