Hytaýda 100 million tonnadan gowrak güýzlük däne satyn alyndy

Noýabr 14, 2025 | 22:35 |95
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Milli Azyk we Strategik Gorlar Müdiriýetiniň çarşenbe güni beren maglumatlaryna görä, Hytaýda satyn alyş möwsüminiň dowamyndaky bir aýyň iň ýokary görkezijisi bolan 100 million tonnadan gowrak güýzlük däne satyn alyndy.

Güýzlük dänäniň satyn alynmagy Hytaýyň däne howpsuzlygy üçin örän wajypdyr we bu ýurduň ýyllyk däne satyn alyş möçberiniň dörtden üç bölegini düzýändir. Esasy satyn alynýan harytlaryň sanawyna şeýle hem tüwi, mekgejöwen we soýa girýär.

Oktýabr aýynyň başynda satyn alynýan harytlaryň möçberi artyp, bazarlarda ýokary hilli däne gymmat bahadan satyldy.

Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda mekgejöwen hasyly geçen ýylka garanyňda bu ýyl ir ýetişdi. Heilonsian welaýatynyň Nenjiang etrabynda şu ýyl 660 inedördül kilometrden gowrak meýdana ýokary hilli mekgejöwen görnüşleri ekildi. Harydyň boldugyna garamazdan, oňa bolan isleg ýokary bolmagynda galýar.

“Biz 500 gram mekgejöweni bazar bahasyndan bir sentden 1,5 sente çenli gymmat satyn alýarys, bu bolsa daýhanlaryň däne satmaga bolan höwesini artdyrmak bilen, däneleriň hiliniň ýokary bolmagyny gazanmaga kömek etdi. Bu biziň kompaniýamyz hem bähbitli boldy” diýip, ýerli däne ammarynyň müdiri Ýuan Žigang belleýär.

Hytaýyň demirgazygyndaky Içerki Mongoliýa awtonom welaýatynyň Tongliao şäherindäki mekgejöwen ösdürip ýetişdirijileroiň aýtmagyna görä, ammar eýeleri bilen gönüden-göni şertnama baglaşmak girdejiniň durnukly bolmagyny kepillendirilýär.

“Şertnama görä, meniň mekgejöwenimiň bir tonnasy 2090 ýuandan satylýar, bu bazar bahasyndan 40 ýuan ýokarydyr” diýip, ýerli daýhan Ma Žongçen aýdýar.

Analitikler mekgejöweniň satyn alyş bahasynyň ýokarlanmagyna köp sanly faktorlaryň täsir edýändigini aýtdylar hem-de islegiň has-da ýokarlanmagyna garaşylýandygyny bellediler.

“Ot-iým babatda, şu ýylyň başyndan bäri ot-iýmiň önümçiligi artyp gelýär, bu bolsa öz gezeginde mekgejöwene bolan islegi güýçlendirýär. Gaýtadan işlemek babatda, şu soňky möwsümde täze mekgejöwen hasyly bazara çykarylandan bäri, düýpli gaýtadan işleýän kärhanalar iş depginini ýokarlandyrdylar. Berilýän maglumatlara görä, krahmaly gaýtadan işleýän kärhanalaryň iş depgininiň noýabr aýynyň başynda takmynan 66 göterime ýetendigini, bu bolsa aýlyk 6 göterim ösüşi görkezýär” diýip, Milli Azyk we Strategik Gorlar Maglumat Merkeziniň direktory Wang Siaohui düşündirýär.

 

Beýleki habarlar