Hytaý uçarlary 2026 Singapur awiasiýa sergisinde tapawutlandy

Fewral 06, 2026 | 18:07 |91
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


2026-njy ýylyň 3-nji – 8-nji fewraly aralygynda geçirilýän 10-njy Singapur awiasiýa sergisine 50-den gowrak ýurtlardan we sebitlerden 1000-den gowrak kompaniýalar gatnaşýar. Bu ýerde Hytaýda öndürilen uçarlar özleriniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar.

Bu awiasiýa sergisinde Hytaýyň, Singapuryň, Malaýziýanyň, Awstraliýanyň, Hindistanyň we Indoneziýanyň howa güýçleriniň toparlary, Hytaýyň Täjirçilik Uçarlar Korporasiýasy we Airbus kompaniýasy gatnaşýar. Hytaýyň Täjirçilik Uçarlar Korporasiýasy kiçi göwrümli C919 uçarynyň ýekelik uçuşyny görkezdi. Awiasiýa sergisinde täjirçilik, işewürlik, harby we uçarmansyz platformalary öz içine alýan 35-den gowrak uçarlaryň çykyşynda C919 we C909 uçarlary görkezilýär.

Hytaý kärhanalary mümkinçiligi uly bolan alyjylar bilen işjeň gatnaşyk saklaýarlar. “Şu gün irdenden başlap, edil häzirki wagta çenli biz Günorta-Gündogar Aziýadan, Ýakyn Gündogardan we hatda Afrikadan köp sanly müşderi tekliplerini aldyk” diýip, kiçi uçarlary we dronlary öndüriji “Aerospace Times Feipeng Technology Co., Ltd.” kompaniýasynyň baş müdiriniň orunbasary Wei Yaçuan aýtdy.

Guramaçylar bu çärä gatnaşýan Hytaý kärhanalarynyň, şol sanda kiçi we orta kärhanalaryň sanynyň artýandygyny belleýärler. “Hytaýyň öz önümlerini, iň täze tehnologiýalaryny mahabatlandyrmaga höwesi artýar  bu örän oňyn ösüşdir” diýip, Singapur awiasiýa sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Lek Çet Lam belledi.

Beýleki habarlar