“Katar 2026” tehnologiýa sammitinde Hytaý bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirildi

Golaýda Kataryň Doha şäherinde tamamlanan “Katar 2026” tehnologiýa sammitine gatnaşyjylar ýokary tehnologiýaly pudaklarda, esasanam emeli intellekt, täze energiýa we robototehnika ulgamynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirdiler.
Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa konferensiýalarynyň biri bolan bu dört günlük çäre ýokary tehnologiýaly pudaklardan müňlerçe liderleri, telekeçileri we maýadarlary bir ýere jemledi. Hytaý kompaniýalarynyň emeli intellekt, ekologiýa taýdan arassa geçiş we tehnologiýa elýeterliligi babatdaky üstünlikleri uly üns çekdi.
Gatnaşyjylaryň köpüsi ýokary tehnologiýaly pudaklarda bilelikde hyzmatdaşlyk alyp barmak üçin köp mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. “Men bu ugurda uly mümkinçilikleriň bardygyna göz ýetirýärin ... biz tagallalarymyzy birleşdirip, köp sanly bazarlarda üstünlik gazanyp biljegimize ynanýaryn” diýip, Bahreýnden gelen Abdulhadi Naýem aýtdy.
Berlin şäherinde ýerleşýän emeli intellekt kärhanasynyň esaslandyryjysy Nail Waliýew hyzmatdaşlyk boýunça özüniň iş meýilnamalary bilen tanyşdyrsy: “Hytaý kärhanalary emeli intellekt we wizual emeli intellekt ugurlarda diýseň ösen. Biz Sužou senagat parky bilen işleşýäris... we Hytaýda kompýuter görüşi, enjam öwrenmesi, emeli intellekt, satuw we marketing ugurlarynda hünärmenleri işe çekmek isleýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Guramaçylar bu çärä gatnaşýan Hytaý kärhanalarynyň sanynyň artmagyny sammitiň dünýä innowasiýa we hyzmatdaşlyk meseleleri bilen laýyk gelýän oňyn özgerişlik hökmünde bellediler.







