Hytaýda Bahar baýramy möwsüminiň dördünji gününde gatnawlaryň 196 milliona ýetmegine garaşylýar

Fewral 06, 2026 | 17:58 |94
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda ýerli häkimiýetler tarapyndan ýolagçy gatnawlarynyň howpsuzlygy we rahatlygy üçin zerur çäreler görlüp, degişli hyzmatlar ýola goýlanyndan soň, 2026-njy ýylyň Bahar baýramy möwsüminiň dördünji gününde tutuş ýurt boýunça ýolagçy gatnawlarynyň 196 million 400 müňe ýetmegine garaşylýar.

Hytaýyň Ulag ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurduň demir ýollary edaralary, syýahat we beýleki maksatlar bilen ýola düşjek adamlaryň sanynyň çarşenbe gününe garanyňda 6.1% köpelip, 11 million 850 müňe ýetmegine garaşýar.

Awtoulaglar bilen syýahat edýän ýolagçylaryň sany 181 million 570 müňe barabar boljakdygy çaklanylýar, bu bolsa öňýanyndaky güne garanyňda 3.4% köpdür.

Deňiz-derýa ýollary arkaly amala aşyrylýan gatnawlaryň sany 620 müňe ýeter diýlip çaklanylýar, bu bolsa gündelik 3.9% köpdür.

Raýat awiasiýasy boýunça ýolagçy gatnawlarynyň sany çarşenbe gününe garanyňda 1.9% we ýyllyk 5.6% köp bolmagyna garaşylýar we Bahar baýramy möwsüminiň dördünji gününde 2 million 360 müň sany ýolagçynyň gatnamagyny çaklaýar.

Şu ýyl Hytaýyň Täze ýyly 17-nji fewrala gabat gelýär. Resmi dynç alyş döwri dokuz gün dowam edýär. Çunýun möwsümi duşenbe güni başlady we 13-nji marta çenli dowam eder. Bu döwürde millionlarça adamlar öz maşgalalary bilen duşuşmak üçin öýlerine ugraýar.

Şu ýylky Çunýun döwründe ýolagçy gatnawlarynyň sanynyň 9 milliard 500 milliona ýetmegine garaşylýar.

Beýleki habarlar