Hytaýyň demirgazyk şäherleriniň seýrek duş gelýän demirgazyk öwüşginleri

Noýabr 14, 2025 | 22:30 |77
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Çarşenbe agşamy Hytaýyň käbir demirgazyk şäherleriniň ýaşaýjylary adaty bolmadyk tebigy wakanyň - güýçli geomagnit tolkuny bilen utgaşyp, gijeki asmany ýagtylandyran ajaýyp demirgazyk öwüşginleriniň diri şaýady boldular.

Pekinde bu asman öwüşginleri sagat 19:00-a golaý peýda bolup, ýygy-ýygydan üýtgäp duran açyk gülgüne we zümrüt ýaşyl reňkli şöhleler 20 minut töweregi asmanda “şöhle tansyny” ýerine ýetirdiler.

Bu täsin hadysany Pekiniň demirgazygyndaky Huairou we Ýanşin etraplarynyň ýaşaýjylary hem synlap, höwes bilen surata düşürdiler.

“Demirgazyk öwüşginleri Pekinde örän seýrek gabat gelýän ýagdaý, munuň esasy sebäbi bolsa bu ýerlerde Günüň aşa güýçli işjeňligidir. Şunuň ýaly ýagdaýlarda şäheriň demirgazyk taraplarynda, ýagtylyk hapalanmasynyň az ýerlerinde demirgazyk öwüşginlerine gabat gelmek bolýar. Hytaý demirgazyk ýarymşarynyň ýokary geografiki giňliklerinde ýerleşmeýändigi üçin demirgazyk öwüşginleri biziň üçin adaty ýagdaý däldir. Şeýle-de bolsa, 2024–2025-nji ýyllar häzirki Gün aýlanmasynyň has işjeň döwri bolany üçin Hytaýyň demirgazyk sebitlerinde şeýle asman hadysalaryna duş gelmek bolýar,” diýip, Pekin Planetariýasynyň ylym-bilim bölüminiň direktory Li Sin aýdýar.

Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän Içerki Mongoliýa Awtonom welaýatynyň Hulunbuir şäherinde bolsa demirgazyk öwüşginleriniň gözelligi has-da täsirli boldy – bu hadysa çarşenbe agşam sagat 19:00-da başlap, penşenbe güni ir sagat 10-a golaýa çenli dowam etdi.

Demirgazykda takmynan 50° giňlikde ýerleşýän Genhe we Erguna şäherleriň ýaşaýjylary gijesine asmanda gyrmyzy we ýaşyl reňkli öwüsýän “ýagtylyk zolaklaryny” synladylar.

Demirgazyk öwüşginlerini synlamak üçin Hulunbuiriň geografiki ýerleşişi has amatlydyr. Bu hepde synlanan täsin öwüşginler güýçli geomagnit tolkunyndan gelip çykan. Günüň iň ýokary işjeňlik döwründe çykýan zarýadly bölejikler atmosferanyň atomlary bilen çaknyşyp, şeýle gyzyl-ýaşyl reňkdäki öwüşginleri emele getirýär.

Bu tebigy hadysa Genhe şäherinde yzly-yzyna ikinji ýyl synlanan bolsa, Ergunada bu hadysa ýylboýy gabat gelindi, şonuň üçin hem bu ýyla “demirgazyk öwüşginleriniň işjeň ýyly” hökmünde ýazga alyndy: bu tebigy hadysa ýanwar, mart, aprel hem-de noýabr aýlarynda gabat gelindi.

demirgazyk-günbatara tarap ýene süýşsek, Hytaýyň Sinszian-Uýgur awtonom welaýatynyň Altay etrabynda çarşenbe güni agşam başga bir täsin asman hadysasy bolup geçdi.

46° demirgazyk giňlikde ýerleşýän, ýagtylyk hapalanmasy az bolan Sinhe şäherçesinde, alysdaky daglaryň garly depeleriniň üstünden gijäniň garaňkysynyň içinde dürli reňkli şöhlelerden düzülen demirgazyk öwüşginlerini synlamaga ajaýyp pursatlar döredi. Şeýlelik bilen hem, Hytaýyň demirgazygyndaky ajaýyp asman hadysalaryndan bezelen bir gije tamam boldy.

Beýleki habarlar