Sinszianda Tan dinastiýasyna degişli gadymy “Behişdi bedew” şekili tapyldy

Sinszian Uýgur awtonom welaýatynda ýerleşýän gadymy Gaoçan şäheriniň golaýyndaky Badam Gündogar gonamçylygynda 1300 ýyllyk taryhy bolan, 618-nji – 907-nji ýyllar aralygynda dowam eden Tan dinastiýasyna degişli mazarda gadymy mifiki ganatly “Behişdi bedewleriň” şekilleri tapyldy. Ýylyň esasy arheologik tapyndylarynyň biri hasaplanýan bu açyş barada hepdäniň çarşenbe güni Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasy tarapyndan habar berildi.
Arheologlar aýratyn saklanyp galan M20 mazarynda agaçdan ýasalan diwan, ýazgyly tabyt we perde tapdylar. Tapylan tabydyň çylşyrymly gurluşy bolup, onuň ýokarky böleginde güller we geometrik nagyşlar şekillendirilipdir. Aşaky böleginde bolsa on iki sany kemerli paneller bolup, olarda atlar, gaplaňlar we ýolbarslar ýaly ajaýyp ganatly haýwanlar dürli usullarda suratlandyrylypdyr. Şekillendirilen iki sany ajaýyp ganatly atlaryň biri gök tegmil bilen, beýlekisi bolsa ýaşyl çyzyklar bilen bezelipdir we olar ajaýyp sungat ussatlygyny görkezýändir.
Baş arheolog Şan Ýupin, Hytaýda öň görülmedik, gadymy diwar suratlaryndan ylham alan owadan nagyşlary ýokary ussatlygy görkezýär diýip, bu tapyndyny häsiýetlendirdi.
Bilermenler şekilleriň Ýüpek ýolunyň medeniýetlerini birleşdirýändigini belleýärler: adaty Hytaý Çilini, gadymy Müsüriň arslanlary, Ýewraziýa çöllüginiň behişdi bedewleri we buddizm alamatlary, Tan kosmopolitizminiň we Merkezi düzlükleriň günbatar sebitleri bilen baglanyşygynyň nyşanydyr.
Siçuan uniwersitetiniň professory Huo Weý bu tapyndyny üstümizdäki At ýyly üçin “gymmatly sowgat” diýip häsiýetlendirdi. Ol parahatçylygy, gülläp ösüşi we durnuklylygy öňe süren Ýüpek ýolunyň ugrundaky haýwanat dünýäsiniň we medeniýetiň özara sazlaşygyny görkezýändir.







