Hytaýyň ykdysadyýeti durnukly ösüş depginini saklaýar

Hytaýyň Milli statistika býurosynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurduň jemi içerki önümi 140 trillion ýuandan (ýagny 20 trillion ABŞ dollaryndan) geçdi we ýyllyk 5 göterim ösdi. Bu görkeziji 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň üstünlikli jemlenendiginiň we 2026-njy – 2030-njy ýyllary öz içine alýan 15-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň başlanandygynyň alamatydyr.
Pekiniň jemi içerki önüminiň möçberi ilkinji gezek 5 trillion ýuandan geçdi we jemi içerki önüminiň möçberi 5 trillion 600 milliard ýuan bolan Şanhaýdan soň ýurduň ikinji “5 trillion ýuanly şäheri” boldy. Bu şäherleriň ikisi hem dünýäniň iň ösen ykdysadyýeti bolan 10 sany şäherleriniň hataryna girýändir.
Şandun welaýaty Guandun we Sziansu welaýatlaryndan soň jemi içerki önüminiň möçberi 10 trillion ýuandan geçen üçünji welaýat boldy. Hytaýyň jemi içerki önümi 1 trillion ýuandan geçen şäherleriniň sany 29-a ýetdi. Žeszian welaýatynyň Wenžou şäheri we Liaoning welaýatynyň Dalian şäheri 2025-nji ýylda bu görkezijä ýetdiler.
Şenžen şäheriniň Nanşan etrabynyň jemi içerki önüminiň möçberi 1 trillion ýuana ýetdi – Nanşan etraby şeýle görkezijä ýeten ilkinji şäher etrabydyr.
Pekin we Şanhaý şäherleriniň hem-de Henan welaýaty 2026-njy ýylda 5 göterim ösüş gazanmaklygy maksat edinýärler. Guandun welaýatynyň 2026-njy ýylda ösüş maksady 4.5 – 5 göterime ýetmekdir. Žeszian welaýaty 2026-njy ýylda 5.5 göterime çenli ösüş gazanmaklygy maksat edinýär.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda, Hytaý 15-nji bäş ýyllyk maksatnamanyň çäginde 2030-njy ýyla çenli innowasiýa, özgertmeler, abadançylyk, ekologiýa we howpsuzlyk ugurlaryna ünsi jemläp, ýedi sany esasy ösüş maksatlaryny kesgitläpdi.







